HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mikail Jabbarow türkmen hökümetinde birnäçe gepleşik geçirdi

Oktýabr 05, 2023 | 00:04 |8204
Ýurdunyň wekiliýetiniň başynda Aşgabata saparda bolan Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow çarşenbe güni Türkmenistanyň hökümeti bilen birnäçe gepleşik geçirdi.Ýurdunyň wekiliýetiniň başynda Aşgabata saparda bolan Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow çarşenbe güni Türkmenistanyň hökümeti bilen birnäçe gepleşik geçirdi.
Çeşme: meconomy.gov.az

Ýurdunyň wekiliýetiniň başynda Aşgabata saparda bolan Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow çarşenbe güni Türkmenistanyň hökümeti bilen birnäçe gepleşik geçirdi.

Şeýlelikde ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyp, ykdysady, şol sanda energetika, ulag, maýa goýum, söwda, oba hojalygy we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdy.

1 (16).jpg

Duşuşykda iki ýurduň liderleriniň syýasy erkiniň, ýokary derejeli saparlaryň, duşuşyklaryň we çäreleriň gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun tutýandygy we iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek sebitiň ösmegine goşant goşýandygy nygtaldy.

2 (19).jpg

SOCAR-yň wekilleriniň gatnaşmagynda Mikail Jabbarow bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň arasynda geçirilen duşuşykda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we ösdürmek, mümkin bolan taslamalary durmuşa geçirmek meselelerinde pikir alyşyldy.

3 (12).jpg

Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hem energetika pudagynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşine we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine syn berdiler. SOCAR wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda energetika pudagynda gol çekilen resminamalarynyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm goşant goşýandygy nygtaldy.

4 (7).jpg

Wize-premýer, türkmen-azerbaýjan hökümetara komissiýasynyň başlygy Batyr Atdaýew bilen Jabbarow ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmagyň we işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy we hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi.

5 (3).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026