HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmenistanda we MA-da ÝB-niň ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy

Oktýabr 04, 2023 | 20:29 |6575
Merkezi Aziýada Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Baur şeýle-de Halkara Ssöwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleri hem gatnaşdy.Merkezi Aziýada Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Baur şeýle-de Halkara Ssöwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleri hem gatnaşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Merkezi Aziýada Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Baur şeýle-de Halkara Ssöwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleri hem gatnaşdy.

Bu ýere ýygnananlar bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişini bellediler we howanyň üýtgemegi we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, taraplar Türkmenistanyň we ÝB-iň energiýa sarp edilişini azaltmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça edýän tagallalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmek we bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026