HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizildi

Oktýabr 03, 2023 | 12:18 |12174
Günäsini ak ýürekden boýun alanlar indi ejir çeken bilen ylalaşmak we ýagdaýlaryň üýtgemegi netijesinde Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary kodeksinden gelip çykýan sanksiýalardan doly boşadylyp bilner.Günäsini ak ýürekden boýun alanlar indi ejir çeken bilen ylalaşmak we ýagdaýlaryň üýtgemegi netijesinde Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary kodeksinden gelip çykýan sanksiýalardan doly boşadylyp bilner.
Çeşme: centralasia.news

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çekmegi bilen “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda” ýurduň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizildi. Üýtgetmeler girizilen täze kanunçylyk namalary şu gün Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Şeýlelikde 70-nji maddada getirilýän günäsini ak ýürekden boýun alandygy üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşatmak hakynda diýen bölek aýryldy. Mundan ozal, kaza, prokurora we sülçä günä ýökelýäni jenaýat jogapkärçiligine çekenlerinde şu ýagdaýy göz öňüne tutmaly bolýardy.

Günäsini ak ýürekden boýun alanlar indi ejir çeken bilen ylalaşmak we ýagdaýlaryň üýtgemegi netijesinde Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary kodeksinden gelip çykýan sanksiýalardan doly boşadylyp bilner.

Türkmenistanda milli kanunçylygy kämilleşdirmek we adalatly kazyýetiň höküm sürmegi ugrunda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026