HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany ýaşaýyş jaýy gurlar

Oktýabr 02, 2023 | 18:46 |7296
Munuň netijesinde, 864 maşgala täze öýli bolar. Bu çäkde 720 orunlyk mekdep hem-de seýilgäh gurlar.Munuň netijesinde, 864 maşgala täze öýli bolar. Bu çäkde 720 orunlyk mekdep hem-de seýilgäh gurlar.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Aşgabat şäher häkimliginiň sargyt etmegi boýunça Binagärlik we gurluşyk ministrligi “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany köpgatly ýaşaýyş jaýyny, mekdebi we seýilgähi gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi. Bu baradaky bildiriş “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Şeýlelikde, paýtagtymyzyň täze kemala gelýän gündogar böleginde 9 gatly, her biri 54 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si we her biri 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 12-si gurlar. Munuň netijesinde, 864 maşgala täze öýli bolar. Bu çäkde 720 orunlyk mekdep hem-de seýilgäh gurlar.

Gurluşyga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar 13-nji noýabra çenli özleriniň tekliplerini Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Binagärlik we gurluşyk ministrligine tabşyryp bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026