HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenaragatnaşyk” german kompaniýalaryny IT taslamalara gatnaşmaga çagyrdy

Oktýabr 02, 2023 | 00:43 |7512
Şolaryň hatarynda maglumat merkezini döretmek, optiki süýüm geçirijilerini we serwer enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany gurmak, “akylly” şäherleri dolandyrmak we olaryň IT ulgamyny ösdürmek, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň simsiz aragatnaşyk ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, bu pudagyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we taýýarlamak ýaly taslamalar bar.Şolaryň hatarynda maglumat merkezini döretmek, optiki süýüm geçirijilerini we serwer enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany gurmak, “akylly” şäherleri dolandyrmak we olaryň IT ulgamyny ösdürmek, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň simsiz aragatnaşyk ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, bu pudagyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we taýýarlamak ýaly taslamalar bar.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi german kompaniýalaryny hyzmatdaşlyk we maýa goýum üçin birnäçe taslamalara gatnaşmaga çagyrdy. Şolaryň hatarynda maglumat merkezini döretmek, optiki süýüm geçirijilerini we serwer enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany gurmak, “akylly” şäherleri dolandyrmak we olaryň IT ulgamyny ösdürmek, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň simsiz aragatnaşyk ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, bu pudagyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we taýýarlamak ýaly taslamalar bar.

Ýewropa ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak german işewürleriniň gatnaşmagynda geljegi uly taslamalaryň hatarynda görkezildi.

6519cb91ed653381501665.jpg

Bu teklipler Berlinde 29-njy sentýabrda geçirilen Türkmen-german işewürlik forumynda aýdyldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda 8 sany halkra optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hereket edýändigi bellendi. Soňky 3 ýylda satyn alynýan halkara internet kanallarynyň möçberi soňky 3 ýylyň içinde 10 esse artdy.

Şonuň üçin-de, häzirki wagtda aragatnaşygyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny artdyrmak we ulag-kommunikasiýa ulgamyny giňeltmek möhüm bolup durýar.

6519cb988fed9274204407.jpg

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýew german kompaniýalaryny 9-10-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmentel-2023” halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Berlinde geçirilen işewürlik forumynyň çäklerinde, ol Germaniýanyň birnäçe telekommunikasiýa kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026