HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Moskwa formatyndaky Owganystan boýunça geňeşmelere gatnaşdy

Oktýabr 01, 2023 | 09:53 |5714
Türkmenistanyň diplomatik wekilleri Moskwa formatyndaky Owganystan boýunça geňeşmeleriň 5-nji mejlisine  gatnaşdy. Ol Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň merkezi şäheri Kazanda geçirildi diýip, Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.Türkmenistanyň diplomatik wekilleri Moskwa formatyndaky Owganystan boýunça geňeşmeleriň 5-nji mejlisine  gatnaşdy. Ol Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň merkezi şäheri Kazanda geçirildi diýip, Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.
Çeşme: newscentralasia.net

Türkmenistanyň diplomatik wekilleri Moskwa formatyndaky Owganystan boýunça geňeşmeleriň 5-nji mejlisine gatnaşdy. Ol Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň merkezi şäheri Kazanda geçirildi diýip, Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Moskwa formatyndaky geňeşmelerde Türkmenistandan, Russiýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Katar Döwletinden, Gazagystandan, Hytaýdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Türkiýeden, Täjigistandan, Özbegistandan we Saud Arabystanyndan ýörite wekiller Owganystanyň dikeldilmegi ugrunda bitewi garaýyşlaryny mälim etdiler.

Onda Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň pikirine görä, dostlukly döwletiň dikeldilmegi üçin onuň içerki işlerine gatyşmazadan, halkara sebit hyzmatdaşlygynyň birikidirilmegi möhümdir. Mejlise şeýle hem Owgansytanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Amir Han Mottaki hem gatnaşdy. Gatnaşyjylar Owganystanda inkýuziw hökümeti döretmäge çagyrdylar.

Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň mälim etmegine görä, häzirki wagtda Owganystanda howpsuzlygyň üpjün edilen döwründe ykdysadyýet bilen baglanyşykly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi zerurdyr. Ykdysady we daşary syýasy ugruna esaslanyp, Owganystan sebit gtanaşyklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmäge taýýardyr.

Mejlise gatnaşyjylar Owganystanyň garaşsyz, bitewi we parahat ýurt hökmünde ösmegine goldaw bermek hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çykyş etdiler. Medeniýet, bilim we sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga, Owganystan bilen sebit taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanmalar bildirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026