HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilçi hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň aýratynlygyny mälim etdi

Sentýabr 30, 2023 | 11:41 |5515
Diplomat şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşygyň ýola goýulmagyna 10 ýyl, ählumumy strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna hem 1 ýyl bolýandygyny belledi.Diplomat şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşygyň ýola goýulmagyna 10 ýyl, ählumumy strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna hem 1 ýyl bolýandygyny belledi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

"Uzakmöhletleýin syýasy durnuklylyk ýagdaýy hem-de Hytaýyň we Türkmenistanyň syýasatynyň yzygiderli ösüşi iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygynyň gaýtalanmajak aýratynlygydyr" diýip, Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçen türkmen metbugatynda eden çykyşynda nygtaýar.

Diplomat şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşygyň ýola goýulmagyna 10 ýyl, ählumumy strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna hem 1 ýyl bolýandygyny belledi. Geçen döwürde Hytaý Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy boldy. Dostlukly döwletler halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän meselelerde birek-biregi goldap gelýärler.

Ilçi çykyşynda "Bir guşak - bir ýol" we "Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan janlanmagy" ýaly taslamalarda gatnaşyklary çuňlaşdyrýarlar. Energetika pudagy iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň esasy binýadyny düzýär. Umuman hytaý-türkmen hyzmatdaşlygy ynamdar mehanizmler bilen üpjün edilendir.

Hyzmatdaşlyk boýunça hytaý - türkmen topary we onuň düzümindäki dürli ugurlar boýunça 6 topar üstünlikli iş alyp barýar. Olaryň ählisi iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde wajyp orny eýeleýär.

Şeýle hem, ilçi Hytaýyň dünýäniň 140-dan gowrak ýurdunyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridigini, ýurtda her ýylda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda 3 müňe golaý kärhananyň işe girizilýändigini hem-de ykdysadyýetiniň ösüşiniň 5,2 göteriminiň üpjün edilýändigini mälim etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026