HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Germaniýaly işewürler "Galkynyş" gaz känini özleşdirmäge we TOPH gaz geçirijisini gurmaga çagyryldy

Sentýabr 30, 2023 | 10:36 |11260
Işewürlik forumynda Türkmenistanyň energetika kuwwatlyklary barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda jemi 71,2 milliard tonna nebit gorlarynyň bardygy aýdyldy. Şonuň 53 milliard tonnasy gury ýerde, 18,2 milliard tonnasy hem deňiz ýalpaklygynda ýerleşýär.Işewürlik forumynda Türkmenistanyň energetika kuwwatlyklary barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda jemi 71,2 milliard tonna nebit gorlarynyň bardygy aýdyldy. Şonuň 53 milliard tonnasy gury ýerde, 18,2 milliard tonnasy hem deňiz ýalpaklygynda ýerleşýär.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

"Türkmengaz" döwlet konserni german işewürlerini "Galkynyş" gaza känini özleşdirmek we Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisini gurmak işine işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Bu taslamalarda öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribeleri ulanmak maksat edilýär.

Anna güni Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürlik forumynda çykyş eden "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew eksport-karz maliýe agentlikleriniň maliýeleşdirmeginde tehnologiýalary ibermekden maýa goýum hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşmaga çenli gatnaşyklara isleg bildirilýändigini mälim etdi.

Işewürlik forumynda Türkmenistanyň energetika kuwwatlyklary barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda jemi 71,2 milliard tonna nebit gorlarynyň bardygy aýdyldy. Şonuň 53 milliard tonnasy gury ýerde, 18,2 milliard tonnasy hem deňiz ýalpaklygynda ýerleşýär.

Türkmenistanyň iri energetika döwletidigini Beýik Britaniýanyň garaşsyz "Gaffney, Cline & Associates" kompaniýasy tarapyndan hem tassyklandy. Ol dünýäniň iri "Galkynyş" gaz känindäki uglewodorod gorlarynyň möçberini anyklapdy.

Häzirki wagtda bu gaz käniniň 2-nji we 3-nji tapgyrlaryny özleşdirmek boýunça hytaý we arap kompaniýalary bilen gepleşikler geçirilýär. Şeýle hem, gaz käniniň 4-nji tapgyryna gatnaşjak kompaniýalary saýlap almak boýunça hem işler alnyp barylýar. В ходе презентации были озвучены потенциальные ресурсы углеводородов Туркменистана: 71,2 миллиарда тонн нефти, из которых 53 миллиарда тонн на суше и 18,2 миллиарда тонн в море.

"Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmegiň Türkmenistanyň nebitgaz senagatyna maýa goýmagyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. "Petronas Carigali", "Dragon Oil" we "Buried Hill" kompaniýalary bilen önümleri paýlaşmak hakynda şertnamanyň esasynda häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde 4 taslamanyň durmuşa geçirilýändigi, gury ýerde "Eni", "Mitro International" we "CNPC" kompaniýalaryň gatnaşmagynda bolsa 3 taslamanyň durmuşa geçirilýändigi bellendi.

Maksat Babaýew şeýle hem, "Türkmengaz" döwlet konserniniň german kompaniýalarynyň birnäçesi, şol sanda himiýa önümlerini satyn almak boýunça "BASF SE" kompaniýasy bilen, energetika turbinalaryny we oňa degişli ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça "Siemens Energy" kompaniýasy bilen, ätiýaçlyk şaýlaryny we tehnologiýalaryny satyn almak boýunça "Abel GmbH", "Sulzer Pumps" we "RMA" kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

"Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy şeýle hem Germaniýanyň nebitgaz kompaniýalaryny we maliýe edaralaryny Aşgabatda 25 - 27-nji oktýabrda geçiriljek "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023" atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026