HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklarda ileri tutulýan ykdysady ugurlary kesgitledi

Sentýabr 29, 2023 | 23:25 |7938
Türkmenistan nemes kompaniýalaryny ýokary hünärli, jogapkärçilikli we hyzmatdaşlygyň gymmatlyklaryna düşünmek bilen tapawutlanýan ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görýär. Aşgabat bu çemeleşmäni goldaýar we nemes kärhanalarynyň türkmen bazaryndaky işini has hem höweslendirer diýip, anna güni Berlinde geçirilen türkmen-nemes işewürler forumynda türkmen halkynyň Milli Mideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Türkmenistan nemes kompaniýalaryny ýokary hünärli, jogapkärçilikli we hyzmatdaşlygyň gymmatlyklaryna düşünmek bilen tapawutlanýan ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görýär. Aşgabat bu çemeleşmäni goldaýar we nemes kärhanalarynyň türkmen bazaryndaky işini has hem höweslendirer diýip, anna güni Berlinde geçirilen türkmen-nemes işewürler forumynda türkmen halkynyň Milli Mideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Çeşme: "Altyn asyr" teleýaýlymynyň suratlary

Türkmenistan nemes kompaniýalaryny ýokary hünärli, jogapkärçilikli we hyzmatdaşlygyň gymmatlyklaryna düşünmek bilen tapawutlanýan ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görýär. Aşgabat bu çemeleşmäni goldaýar we nemes kärhanalarynyň türkmen bazaryndaky işini has hem höweslendirer diýip, anna güni Berlinde geçirilen türkmen-nemes işewürler forumynda türkmen halkynyň Milli Mideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Özara gatnaşyklaryň üstünlikli mysaly hökmünde Siemens, Daimler, CLAAS, MAN, Rohde & Schwarz ýaly we beýleki bilelikdäki iş toparlary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk getirildi.

"Ykdysady hyzmatdaşlygyň lokomotiwine öwrüljek, täze maýa goýumlaryny çekmek, degişli pudaklary we häzirki zaman hyzmatlaryny döretmek üçin hakykatdanam uly göwrümli, üstünlikli bilelikdäki taslamalar bize zerur" – diýip, TDH türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerinden ýazýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda nemes hyzmatdaşlarynyň ünsüni hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna, şol sanda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny nemes enjamlary bilen üpjün etmeklige gönükdirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurtda ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmek maksady bilen Türkmenistanda Gün we wodorod energiýasy pudagynda nemes tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň geljegini öwrenmäge taýýardygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikiriçe, esasy ugur “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek we sanlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak bilen oba hojalygynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşleri açylýar. Bu ugurda ulag bölümleriniň, birleşikleriniň we iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli iş gatnaşyklaryny ýola goýmak teklip edildi. Hususan-da, Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen demir ýollarynyň Germaniýanyň esasy demirýol operatory Deutsche Bahn bilen tejribe alyşmaga bolan gyzyklanmasy barada aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem iki ýurduň arasynda howa aragatnaşygyny ösdürmegiň we Türkmenistandaky howa menzillerini bilelikde dolandyrmagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026