HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň energetika pudagy Abu-Dabi şäherinde geçiriljek sergide tanyşdyrylar

Sentýabr 29, 2023 | 13:02 |8370
2 – 5-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “ADIPEC 2023” sergisi geçiriler. Onda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň energetika toplumy tanyşdyrylar.2 – 5-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “ADIPEC 2023” sergisi geçiriler. Onda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň energetika toplumy tanyşdyrylar.
Çeşme: Turkmen Forum

2 – 5-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “ADIPEC 2023” sergisi geçiriler. Onda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň energetika toplumy tanyşdyrylar.

ADIPEC – bu energetika toplumynda iň iri weklçilikli çäreleriň biridir. Oňa şu ýyl dünýäniň 28 döwletinden 2200-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar Abu-Dabide bu toplumyň her pudagy üçin möhüm meseleleri, işewürlik we bazar ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

“ADIPEC 2023” işewür giňişligiň ikitraplaýyn söwdany we innowasiýalary ösdürmek üçin meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilikleri hödürleýär. Onda ministrleriň, baş direktorlaryň, syýasatçylaryň we täsirli adamlaryň 1500-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýan halkara forumynda energetika ulgamynda iň täze tehnologiýalar we täzelikler tanyşdyrylar.

stend.jpg

ADIPEC 2023 sergisinde Türkmenistanyň energetika pudagynyň diwarlygy şeýle görnüşde bolar

Türkmenistanyň energetika ulgamynyň düzümleriniň “ADIPEC 2023” forumyna gatnaşmagyndan soňra, Aşgabatda 25 – 27-nji oktýabrda geçiriljek “Türkmenstanyň nebiti we gazy – 2023” halkara maslahatyny geçirmäge güýçli depginde taýýarlyk görler.

Häzirki wagtda oňa gatnaşmaga dünýäniň 23 döwletinden 300-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy hasaba alyndy. Wekilleri hasaba almak işi 16-njy oktýabra çenli dowam edýär.

“Çalık Enerji” we “Petronas” kompaniýalary bu forumda altyn hemaýatkär bolup gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Kompanýalaryň ikisi hem energetikaulgamynda Türkmenistanyň ozaldan gelýän ýakyn we ygtybarly hyzmatdaşlarydyr. Halkara forumda bu kompaniýalar özleriniň üstünliklerini we türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny we mümkinçiliklerini tanyşdyrarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026