HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda elektrik awtoulaglary öndüriler

Sentýabr 28, 2023 | 00:21 |11250
Hytaýyň BYD Auto we AO “Uzavtosanoat” paýdarlar jemgyýeti  bilelikdäki "BYD Uzbekistan Factory" kärhanasyny döretmek barada şertnama baglaşdylar.Hytaýyň BYD Auto we AO “Uzavtosanoat” paýdarlar jemgyýeti  bilelikdäki "BYD Uzbekistan Factory" kärhanasyny döretmek barada şertnama baglaşdylar.
Çeşme: kun.uz

Hytaýyň BYD Auto we AO “Uzavtosanoat” paýdarlar jemgyýeti bilelikdäki "BYD Uzbekistan Factory" kärhanasyny döretmek barada şertnama baglaşdylar.

Gazeta.uz-yň habaryna görä, bu ylalaşyga “BYD Company Ltd”-iň esaslandyryjysy we prezidenti Wan Çuanfunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Özbegistana eden sapary wagtynda gol çekildi.

Bilelikdäki kärhana Özbegistanda elektrik we gibrid awtoulaglaryny öndürer (şeýle awtoulaglar elektrik togundan zarýad alyp we adaty ýangyç bilen ýangyç guýup biler). Taslama, kebşirlemek, reňklemek we ýygnamak tapgyrlaryny goşmak bilen BYD täze energiýa çeşmelerini ulanýan awtoulaglaryň doly siklini öndürmegi göz öňünde tutýar.

Birinji we ikinji etapda 50 müň awtoulag öndürmek meýilleşdirilýär. Üçünji etap tamamlanandan soň bu san - 300 müňe ýeter.

Bilelikdäki kärhana, Hytaýyň global lideriniň HHR-den başga elektrik ulaglarynda ilkinji bilelikdäki kärhanasy bolar.

1995-nji ýylda döredilen “BYD” häzirki wagtda dünýäde täze energiýa ulaglaryny (NEV) öndüriji bolup durýar. Kompaniýa 27 ýyldan gowrak batareýa gözleg we ösüş tejribesine eýedir we täzeliklere, şol sanda ähli elektrik ulagy üpjün ediş zynjyryna eýeçilik etmek bilen bütin dünýäde tanalýar.

Kompaniýanyň täze energiýaly ulaglary 6 yklymda, 70-den gowrak ýurtda we sebitde we 400-den gowrak şäherlerde ulanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026