HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky Handmade sergisi - çäksiz döredijilik

Sentýabr 26, 2023 | 19:18 |9023
Şaý-sepler, esbaplar, içerki önümler, kosmetologiýa we «нandmade» (el önümleri) bellikli has gyzykly we özboluşly önümler çarşenbe güni paýtagtyň “Berkarar” söwda merkezinde Aşgabatda açylan sergide görkeziler. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan sergi türkmen paýtagtynda 26-njy sentýabrdan 28-nji sentýabr aralygynda üç gün geçiriler (13:00-22:00).Şaý-sepler, esbaplar, içerki önümler, kosmetologiýa we «нandmade» (el önümleri) bellikli has gyzykly we özboluşly önümler çarşenbe güni paýtagtyň “Berkarar” söwda merkezinde Aşgabatda açylan sergide görkeziler. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan sergi türkmen paýtagtynda 26-njy sentýabrdan 28-nji sentýabr aralygynda üç gün geçiriler (13:00-22:00).
Çeşme: orientiň arhiwinden

Şaý-sepler, esbaplar, içerki önümler, kosmetologiýa we «нandmade» (el önümleri) bellikli has gyzykly we özboluşly önümler çarşenbe güni paýtagtyň “Berkarar” söwda merkezinde Aşgabatda açylan sergide görkeziler. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan sergi türkmen paýtagtynda 26-njy sentýabrdan 28-nji sentýabr aralygynda üç gün geçiriler (13:00-22:00).

Bu ýerde iň oňat el önümlerini öndürijiler özleriniň aýratyn eserlerini görkezýärler. Olaryň köpüsi özüne çekiji güýmenjelerini we “kalby bilen edýän zähmetini” girdejili işe öwrüp, adamlara özboluşly we bahasyna ýetip bolmajak harytlar hödürläp girdeýji gazanýarlar, olaryň köpüsi bolsa, diňe bir nusgalyk hökmünde döredilen işlerdir.

Nagyşlanan dizaýner haltalary, boýalan sagatlar, monjuk şaý-sepleri, polimer toýundan ýasalan dürli eşik şaý-sepleri, içerki ýadygärlik sowgatlyklary, gurjaklar, lampalar, suratlar we başgalar - ähli “önümler” el bilen döredilip, önümleriň köpüsi etnik stilde öndürilýär.

Bilşiňiz ýaly, “hanmade - elde ýasalan” adalgasy diňe bir el bilen işlemegi däl, eýsem telekeçilige döredijilikli çemeleşmegi hem aňladýar. Şeýle zatlar diňe bir aýratynlygy üçin däl, eýsem ak ýürekliligi üçinem gymmatlydyr. Ussat belli bir ýadygärlik ýasasa, kalbynyň bir bölegini oňa salýar diýip hasaplanýar.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde meşhurlygyň iň ýokary derejesine ýeten elde ýasalan tendensiýa, ilkinji seredişdeler bolşy ýaly, ol täze dörän zat bolman, eýsem, ençeme asyrlar mundan ozal peýda bolandyr. Bu önümleri suratlandyrmak üçin ulanylýan owadan iňlis sözi, hemmämize mälim bolan “senetçilik” sözüniň ornuny tutmakdan başga zat däldir, ol diňe ekzotik ýaly görünýär.

Häzirki zaman senetçileri “özboluşlylygy” we aýry-aýry zatlara bolan söýgini moda getirip bildiler. Döredijilik tolkuny her pudaga diýen ýaly “girdi” we elde ýasalan täze ugry kesgitledi. Indi “handmade - elde ýasalan” önümler bölüminde içerki bezegleri, oýunjaklary, şaý-sepleri, gap-gaçlary we başga-da köp zatlary tapyp bilersiňiz.

Bularyň hemmesini siz sergilerde görip we eliňize alyp ony synlap bilersiňiz. Önümleriň awtorlarynyň köpüsi döredijilik hakda gyzykly bir hekaýa aýdyp bererler ýa-da eserleriniň nädip “döeändigini” görkezerler. Gelip görýänler üçin bu sergi şol bir ugurdaky senetçileriň eserlerini deňeşdirmek we iň oňat önümi saýlamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Handmade sergisi Aşgabatda, 26-28-nji sentýabr aralygynda Berkarar söwda merkezinde (birinji gaty, 13:00-22:00) geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Raşid Meredow ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud bilen onuň Aşgabatdaky diplomatik işiniň jemleri barada pikir alyşdy

Raşid Meredow ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud bilen onuň Aşgabatdaky diplomatik işiniň jemleri barada pikir alyşdy

21:16 Iýul 18, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň gepleşikleri

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň gepleşikleri

21:05 Iýul 18, 2026
Türkiýede daýwing: batyp galan gämileri we gowaklary görmek üçin iň gowy ýerler

Türkiýede daýwing: batyp galan gämileri we gowaklary görmek üçin iň gowy ýerler

20:59 Iýul 18, 2026