Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdy


«Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlaryndan biridir» – diýip, Serdar Berdymuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.
Mysal hökmünde, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti galyndysyz düýpli gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän täze desgalaryň gurluşygy görkezdi diýip, TDH ýazýar.
Serdar Berdymuhamedow, «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamagy, daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmäge çekmegi, gözlegiň, burawlamagyň we uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýalaryny ösdürmegi belledi.
ORIENT news








