Türkmenistanda iň ökde gülçi bagbanlar mälim edildi
Sentýabr 25, 2023 | 11:55 |6468


Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanda gülçi bagbanlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Onda bagbanlar al-elwan reňki güllerden dürli bezeg we döredijilik eserlerini görkezdiler. Bu barada «МИР 24» teleýaýlymy habar berýär.
Onda 4 topar bäsleşip, olar “Döwletliligiň nyşany” temada güllerden döredijilik eserlerini döretdiler. Olaryň her biri aýratyn yhlas bilen döredilipdir.
Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda bagbanlar meýdan güllerinden owadan çemenleri baglamak boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde güllerden Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň keşbini döreden topar ýeňiji boldy. Ol dürli güllerden döredildi diýip, Ogulşat Baýsähedowa gürrüň berýär.
ORIENT news








