18 adam Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy boldy


Barha ösüp, özgerýän agzybir jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryny göz öňüne tutup, Prezident Serdar Berdimuhamedow 18 sany adama “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.
Bu ada eýe bolanlaryň hatarynda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Akmämmet Akmämmedow, «Biznes reklama» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm redaktory Gurbannazar Arazgulyýew, «Altyn Nesil» hojalyk jemgyýetiniň alyp baryjy inženeri Kakajan Täşliýew, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Annamyrat Ahun» dini guramasynyň baş ymamy Orazmyrat Annanepesow we beýlekiler bar.
Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işlere we giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli başlangyçlara olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkymyza düşündirmekde sarpaly ýaşulularymyz uly işleri bitirýärler.
ORIENT news








