HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgenleri XIX Tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Sentýabr 24, 2023 | 12:05 |8037
“Aziýa oýunlary – 2022” bäsleşigi 23-nji sentýabry – 8-nji oktýabry aralygynda Hançžou şäherinde geçiriler. Koronawirus hadysalary sebäpli geçen ýyl geçirilmeli oýunlar bu ýyla geçirilipdi.“Aziýa oýunlary – 2022” bäsleşigi 23-nji sentýabry – 8-nji oktýabry aralygynda Hançžou şäherinde geçiriler. Koronawirus hadysalary sebäpli geçen ýyl geçirilmeli oýunlar bu ýyla geçirilipdi.
Çeşme: rtvi.com

Türkmenistanyň türgenleri Hançžou şäherinde geçirilýän XIX Tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Şäherde ýerleşýän Olimpiýa sport merkezi stadionynda baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyrylyp, bu ýere 80 müňden gowrak adam ýygnandy.

Aziýa yklymynyň sport ýaryşlarynyň açylyşyna ýurduň Başlygy Si Szinpin we beýleki ýurtlaryň Hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda ildeşlerimiz, suwda ýüzüji türgenimiz Merdan Ataýew we dzýudoçy Maýsa Perdäýewa ýurdumyzyň döwlet nyşanlaryny belentde parladyp geçdiler.

Açylyş dabarasynda artistleriň çykyşlary, sanly feýerwerk şüweleňi we Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmak çäreleri geçirildi. Oýunlara Aziýa yklymynyň 45 döwletinden 15 müňden gowrak türgen 40 görnüşli sport ýaryşlarynda 481 sany medallaryň birine eýe çykmak ugrunda güýç synanyşarlar.

Türkmen türgenleri 3х3 görnüşli basketbol, boks, söweş we grek-rim göreşi, jiu-jitsu, dzýudo, kuraş, karate, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu sportlary boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.

“Aziýa oýunlary – 2022” bäsleşigi 23-nji sentýabry – 8-nji oktýabry aralygynda Hançžou şäherinde geçiriler. Koronawirus hadysalary sebäpli geçen ýyl geçirilmeli oýunlar bu ýyla geçirilipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026