HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Uzynada känindäki täze buraw guýusy ilkinji önümini berdi

Sentýabr 24, 2023 | 10:20 |5697
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Uzynada känindäki 11-nji täze gözleg guýusy açylyp, ilkinji önümlerini berdi.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Uzynada känindäki 11-nji täze gözleg guýusy açylyp, ilkinji önümlerini berdi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Uzynada baýlyklar käni Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyna degişli bolup, ol welaýatyň merkezi bolan Balkanabat şäherinden 74 kilometr günorta-günbatarda Hazar deňziniň ýalpaklygy bilen araçäkleşýär. Bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri tarapyndan 2015-nji ýylda täze guýynyň buraw-gazuw işlerine girişilip, 2017-nji ýylyň aprel aýynda üstünlikli tamamlandy. Şol döwürde balkanly nebitçilere ulanyşa tabşyrlan bu guýy häzirki wagtda ýangyç çig malynyň bol akymyny berip, nebit-gaz pudagynyň ösüşinde mynasyp orun tutýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Uzynada känindäki 11-nji täze gözleg guýusy açylyp, ilkinji önümlerini berdi. Has takygy, Günbatar sebitde geljegi uly bolan ojak hökmünde giňden adygan önümli kände «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň tejribeli hünärmenleriniň çeken irginsiz zähmeti ýerine düşdi. Olar gözleg guýusyndan nebit kondensatynyň we tebigy gazyň güýçli akymyny alyp, Garaşsyzlyk baýramyna sowgatly geldiler. Ýeri gelende aýtsak, aşaky gyzyl reňkli gatlaklarda, 6726 – 6728 metr hem-de 6734 – 6736 metr ýerasty çuňluklardan senagat ähmiýetli uglewodorod akymynyň alynmagy bu baýlyklar käniniň gündogar böleginiň gorlaryny ýokary derejede kämil özleşdirmäge mümkinçilik berer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Häzirki wagtda täze guýuda synag-sazlaýyş işleri ýokary hil derejesinde geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026