HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda täze jaýlar açyldy

Sentýabr 23, 2023 | 14:53 |5907
6 sany ýaşaýyş jaýynyň her biri 54 öýden, 4 ýaşaýyş jaýynyň hem her biri 36 öýden ybarat bolup, olar häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgelerine laýyk gelýän giň, ýagty otagly, iň täze hojalyk tehnikalary we beýleki amatlyklar bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar amatly durmuş gurşawyny döredýär.6 sany ýaşaýyş jaýynyň her biri 54 öýden, 4 ýaşaýyş jaýynyň hem her biri 36 öýden ybarat bolup, olar häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgelerine laýyk gelýän giň, ýagty otagly, iň täze hojalyk tehnikalary we beýleki amatlyklar bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar amatly durmuş gurşawyny döredýär.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

22-nji sentýabrda Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýerde ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 10-sy açylyp ulanmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

6 sany ýaşaýyş jaýynyň her biri 54 öýden, 4 ýaşaýyş jaýynyň hem her biri 36 öýden ybarat bolup, olar häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgelerine laýyk gelýän giň, ýagty otagly, iň täze hojalyk tehnikalary we beýleki amatlyklar bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar amatly durmuş gurşawyny döredýär.

Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda hem kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 24-siniň açylyş dabarasy boldy. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr. Ýurdumyzda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ählisinde bolşy ýaly, olarda hem ýokary derejeli amatlyklar esasy şert hökmünde göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanda uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda birnäçe desgalar dabaraly açylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026