Türkmenistanyň we Palestinanyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdiler


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow palestinaly kärdeşi bilen hyzmatdaşlygyň “ýol kartasyna” gol çekdi.
Palestinanyň Daşary işler ministrligi öz beýanynda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde Nýu-Ýorkda 19-nji sentýabrda, sişenbe güni geçirilen duşuşygynda hyzmatdaşlygyň "ýol kartasyna" gol çekilendigini aýtdy. Bu barada WAFA agentligi habar berýär.
“Ýol kartasy”, Palestina döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda awgust aýynyň ahyrynda Riýad Al-Malikiniň Aşgabat şäherine eden sapary wagtynda gol çekilen, taraplaryň arasynda baglaşylan şertnamalary we memorandumlary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Bu ýol kartasy köp derejeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem iki ýurduň hususy we döwlet pudaklarynyň arasynda dürli ugurlarda 2023-2024-nji ýyllarda niýetlenen bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin anyk meýilnamalary öz içine alýar.
Ministrler bu resminamanyň kabul edilmeginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, durnukly ösüşi we umumy abadançylygy gazanmakda möhümdigini aýtdylar, şeýle hem özara bähbitleri gazanmak üçin ýol kartasy meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek hem-de sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek.üçin bilelikdäki tagallalaryň edilmelidigini bellediler.
Ýokarda agzalan sapar wagtynda Palestina döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al-Malik Prezident Serdar Berdimuhamedow, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň diplomatik bölümleriniň ýolbaşçylary bilelikdäki hökümet komitetini döretmek barada hem Memoranduma gol çekdiler.
ORIENT news








