HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky hem-de Arap we fransuz banklary bileleşigi täze maýa goýum mümkinçilikleri boýunça ylalaşdylar

Sentýabr 20, 2023 | 15:11 |9216
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Arap we fransuz banklary bileleşigi (UBAF) bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdylar. Ol Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowyň Fransiýa Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda baglaşyldy.Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Arap we fransuz banklary bileleşigi (UBAF) bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdylar. Ol Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowyň Fransiýa Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda baglaşyldy.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Arap we fransuz banklary bileleşigi (UBAF) bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdylar. Ol Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowyň Fransiýa Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda baglaşyldy.

Ylalaşyk eksport-import amallaryny maliýeleşdirmek, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmegi göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özara gatnaşyklarynyň soňky döwürde işjeň häsiýete eýe bolýandygyny hasaba alanyňda, bu resminama uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara pul amallaryny ýerne ýetirýän ýurdumyzyň iri maliýe-karz edarasydyr. Dürli halkara başlangyçlara işjeň gatnaşýandygy üçin ol birnäçe baha beriş agentlikleriniň sylaglaryna eýe boldy.

Ylalaşygyň arap tarapy barada aýdanymyzda, soňky döwürde arap kompaniýalarynyň we halkara maliýe edaralarynyň Merkezi Aziýa sebitine gyzyklanmalarynyň barha artýandygy görünýär. Munda ozal, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky BAE-niň iri Abu-Dabiniň Birinji banky bilen şeýle ylalaşyga gol çekipdiler.

Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky soňky ýyllarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ýurdumyzyň uzak wagtdan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän ABŞ-nyň “Deere Credit Inc” kompaniýasynyň 2027-nji ýyla çenli karzlaşdyryş şertnamasy hereket edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026