HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi

Sentýabr 20, 2023 | 14:46 |4844
Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek üçin milli ykdysadyýeti netijeli ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek üçin milli ykdysadyýeti netijeli ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: awtordan

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek üçin milli ykdysadyýeti netijeli ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletliligiň konstitusion düzüm gurluşyň, şol sanda demokratiýanyň, dünýewi we hukuk esaslaryna eýermegiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlygyň ýurdumyzyň özgertmeleriniň we onuň ösüşininiň binýatlaýyn esasydyr.

Bu boýunça ara alyp maslahatlaşmalar uniwersitetiň fakultetlerinde ýörite bölümlerde hem dowam etdi. Döwlet ähmiýetli uglewodorod çeşmeleriniň, olaryň senagat taýdan işlenilmeginiň türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi bilen arabaglanyşygy nygtaldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan iri okuw ojagydyr. Ýokary okuw mekdebiniň häzirki zmaan tehnologiýalarydyr merkezleri bolan döwrebap bilim toplumydyr.

Amanmyrat ARAZOW Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň alym kätibi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026