HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wise-premýerler Aşgabat şäherine we Lebap welaýatyna aýlanyp gördüler

Sentýabr 19, 2023 | 08:30 |8490
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň paýtagtymyzda alyp barýan işleri we Aşgabat şäheriniň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesi bilen tanyşdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň paýtagtymyzda alyp barýan işleri we Aşgabat şäheriniň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesi bilen tanyşdy.
Çeşme: advantour.com

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň paýtagtymyzda alyp barýan işleri we Aşgabat şäheriniň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesi bilen tanyşdy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Wise-premýer Aşgabat şäherinde gurluşygy dowam edýän Halkara pediatriýa merkezinde, Halkara onkologiýa merkezinde, Halkara stomatologiýa merkezinde, Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary paýtagtymyzda ýakynda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen hem tanyşdy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, bu ýerdäki ähli sport desgalarynyň ýokary taýýarlyk derejesinde bolmalydygyny belledi.

Şeýle-de wise-premýer bilim ojaklarynda berilýän bilimiň derejesi, olarda daşary ýurt dillerini netijeli öwrenmek ugrunda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Wise-premýer “Arçman” şypahanasynda degişli binalaryň durkuny täzelemek hem-de häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler bilen hem tanyş boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow paýtagtymyz boýunça guran iş saparynyň jemini jemläp, şäher häkimliginde Aşgabat şäheriniň we etraplarynyň häkimleriniň, şähere degişli ähli düzümleriň degişli ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

18-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew özüniň gözegçilik edýän Lebap welaýatynda iş saparynda boldy. Wise-premýer welaýatyň dürli künjeklerinde, şol sanda Türkmenabat şäherinde gözegçilik edýän düzümlerine degişli desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, dokma senagatynyň edaralarynyň iş depginleri, köpugurly bazarlaryň hem-de söwda merkezleriniň halkymyza hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew bu ýerde welaýatyň we etraplaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we şanly baýramçylygy mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026