HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda duşuşdylar

Sentýabr 19, 2023 | 03:48 |8152
“Merkezi Aziýa—Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde noýabr aýynda Aşgabatda bu Forumyň 16-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.“Merkezi Aziýa—Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde noýabr aýynda Aşgabatda bu Forumyň 16-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Söhbetdeşler häzirki wagtda döwletlerimiziň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini nygta

“Merkezi Aziýa—Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde noýabr aýynda Aşgabatda bu Forumyň 16-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz onuň netijeleriniň sebit derejesinde ykdysady, medeni-ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýa Respublikasy bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.

Parlament diplomatiýasynyň ornunyň barha artýandygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň uly ähmiýeti nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan sapary, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýonyň 2023-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana bolan sapary, şeýle hem şu günler parlamentara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyzyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna amala aşyrýan sapary bu ulgamda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykardy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026