HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Klod ewkaliptleriň ogrysy

Sentýabr 10, 2023 | 17:44 |8565
Klod atly koala, Awstraliýanyň ewkalipt şitilhanasynda nahallary çeýneýän wagty
elin tutulandan soň dünýä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gahrymany
boldy. Şitilhananyň eýesi žurnalistlere birnäçe aý ozal işgärleriniň ösümlikleriň
ýitýändigine syn edip başlandyklaryny gürrüň berdi. Ilkibaşda olar gaçan geçileriň
ýa-da ýerli opossumlaryň ogurlykdan jogapkärdigini güman etdiler.Klod atly koala, Awstraliýanyň ewkalipt şitilhanasynda nahallary çeýneýän wagty
elin tutulandan soň dünýä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gahrymany
boldy. Şitilhananyň eýesi žurnalistlere birnäçe aý ozal işgärleriniň ösümlikleriň
ýitýändigine syn edip başlandyklaryny gürrüň berdi. Ilkibaşda olar gaçan geçileriň
ýa-da ýerli opossumlaryň ogurlykdan jogapkärdigini güman etdiler.
Çeşme: WWF

Klod atly koala, Awstraliýanyň ewkalipt şitilhanasynda nahallary çeýneýän wagty elin tutulandan soň dünýä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gahrymany boldy. Şitilhananyň eýesi žurnalistlere birnäçe aý ozal işgärleriniň ösümlikleriň ýitýändigine syn edip başlandyklaryny gürrüň berdi. Ilkibaşda olar gaçan geçileriň ýa-da ýerli opossumlaryň ogurlykdan jogapkärdigini güman etdiler.

Ýöne, şitilhananyň eýesi gowy garny doýup, eşretden uklap otyran koalany goparylan şahalaryň arasynda tapanda, gizlin ogrynyň üstü açyldy. Ýapraklary aşa iýen torbaly haýwanjygyň düşen epiki iýmit eýforiýasy, onuň ýerinden süýşüp gaçmagyna hem ýol bermedi.

«Ol özünden gaty hoşal görünýärdi. Şol gün irden örän köp ösümlikler ýitdi. Şol gün ol gowy doýup iýen bolmaly we öz agajyna gaýdyp barmak üçin has ýadan bolmaly», - diýip şitilhananyň eýesi paýlaşdy.

Klody polotensa doladylar we şitilhanadan takmynan 300 metr aralykdaky agaçlaryň ýanyna eltdiler. Emma birnäçe günden bu gorkusyz haýwan ýene gaýdyp gelmäge töwekgelçilik etdi we desgadaky topar häzir «ogrulardan» gorama üçin haýatyň gurluşygy bilen meşgul.

2 (6).jpg

Şitilhana, soňra ýitip gitmek howpy abanýan koalalaryň ýaýradylmagyny artydyrmak üçin ulanyljak ösümlikleri ösdürip ýetişdirýär. Nahallary alýanlaryň arasynda – Bütindünýä ýabany tebigat gaznasy we 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 500 000 agaç ekmegi maksat edinýän ýerli gurama Bangalow Koalas girýär.

Şonuň üçin Klod birneme sabyrly bolsa, has köp lezzet almagyna rugsat berilmegem mümkindi. Eýjejik jenaýatçy, işgärleri ony tutmazdan ozal takmynan 4 müň dollarlyk ewkalipt nahalyny ýok edip ýetişdi.

Bütindünýä ýabany tebigat gaznasy Klod atly koalanyň suratlaryny çap etdi we habaryna haýwanyň döreden ýylgyryşlaryndan we degişmelerinden başga-da, özüni alyp barşynyň ýerli ilatda koala üçin iýmitiň ýeterlik däldigini görkezýändigini aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026