HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymlary Tokioda geçirilen halkara ylym we tehnologiýa foruma gatnaşdylar

Sentýabr 09, 2023 | 13:05 |8110
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wekilleri 7-8-nji sentýabr aralygynda Tokioda geçirilen “Durnukly ösüş üçin ylym we tehnologiýa” halkara konferensiýasyna gatnaşdylar. Ýaponiýanyň Ylym geňeşi tarapyndan gurnalan bu foruma dünýäniň dürli künjeklerinden hünärmenler jemlendiler.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wekilleri 7-8-nji sentýabr aralygynda Tokioda geçirilen “Durnukly ösüş üçin ylym we tehnologiýa” halkara konferensiýasyna gatnaşdylar. Ýaponiýanyň Ylym geňeşi tarapyndan gurnalan bu foruma dünýäniň dürli künjeklerinden hünärmenler jemlendiler.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wekilleri 7-8-nji sentýabr aralygynda Tokioda geçirilen “Durnukly ösüş üçin ylym we tehnologiýa” halkara konferensiýasyna gatnaşdylar. Ýaponiýanyň Ylym geňeşi tarapyndan gurnalan bu foruma dünýäniň dürli künjeklerinden hünärmenler jemlendiler.

Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşynda BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän ýokary tehnologiýalar we ekologiýa taýdan arassa çemeleşmeler girizilen “akylly” Arkadag şäheriniň gurluşygynyň mysaly bilen ýurduň innowasiýa tejribesi görkezildi.

Çäräniň netijesinde “Tokio Beýannamasy 2023” kabul edildi. Hususan-da, halkara konferensiýa gatnaşýan ýurtlar şäherleri abadanlaşdyrmak we sanly özgertmeler üçin maýa goýumlaryny artdyrmagyň zerurdygyny aýratyn bellediler, diýip Daşary işler ministrliginiň sahypasynda Ýaponiýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy habar berýär. Şeýle hem Ýaponiýanyň Ylym geňeşiniň Türkmenistanyň köp derejeli dolandyryş strategiýasy bilen innowasiýa geçişi arkaly DÖM-na ýetmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berendigi aýdylýar.

Şeýle-de, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň hökümediniň arasynda tehniki hyzmatdaşlyk şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň çäginde Aşgabatda we onuň daş-töwereginde seýsmologiki gözegçilik ulgamyny gowulandyrmak üçin Ýaponiýa Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasy (JICA) bilen bilelikde gözlegleriň geçirilýändigi barada hem aýdyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026