HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Abu-Dabi talyplaryň-diplomatlaryň çalyşyk tejribesini girizmek isleýärler

Sentýabr 08, 2023 | 20:56 |6164
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Aşgabat şäherine sapar
bilen gelen BAE-nyň Anwar Gargaş diplomatiýa akademiýasynyň baş müdiri
Nikolaý Mladenow bilen gepleşik geçirdi.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Aşgabat şäherine sapar
bilen gelen BAE-nyň Anwar Gargaş diplomatiýa akademiýasynyň baş müdiri
Nikolaý Mladenow bilen gepleşik geçirdi.
Çeşme: uaeusaunited.com

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Aşgabat şäherine sapar bilen gelen BAE-nyň Anwar Gargaş diplomatiýa akademiýasynyň baş müdiri Nikolaý Mladenow bilen gepleşik geçirdi.

Anna güni Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Meredow bu saparyň türkmen ýokary okuw jaýlary bilen Anwar Gargaş diplomatiýa akademiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady.

Hususan-da, ministr Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen BAE Diplomatik akademiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny işläp düzmegi we gol çekmegi teklip etdi diýip, Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplaryň pikirine görä, özara gatnaşyklaryň möhüm taraplaryndan biri talyp alyş-çalyş tejribesini ornaşdyrmak, ýaş diplomatlar üçin kurslary guramak we bilelikdäki bilim taslamalaryna we maksatnamalaryna gatnaşmakdyr.

Ozal diplomatlary taýýarlamak babatynda BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin şu güýzde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-nyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň Abu-Dabi, AGDA-a tanyşdyryş okuwynyň (Anwar Gargaş diplomatiýa akademiýasy) guraljagy habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda BAE-de eden saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty we Anwar Gargaşyň adyndaky Diplomatik akademiýasy özara düşünişmek Ähtnamasyny baglaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026