HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Dragon Oil – «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023» halkara forumyň göwher hemaýatkäri

Sentýabr 08, 2023 | 17:34 |10984
Aşgabatda, öňümizdäki aýda, 25-27-nji oktýabrda geçiriljek XXVIII «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» halkara konferensiýa we sergä işjeň taýýarlyklar alnyp barylýar. Çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmen Forum» Hojalyk Jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, GaffneyCline iňlis kompaniýasynyň goldawy bilen «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş edýärler.Aşgabatda, öňümizdäki aýda, 25-27-nji oktýabrda geçiriljek XXVIII «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» halkara konferensiýa we sergä işjeň taýýarlyklar alnyp barylýar. Çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmen Forum» Hojalyk Jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, GaffneyCline iňlis kompaniýasynyň goldawy bilen «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş edýärler.
Çeşme: "Türkmen forum"

Aşgabatda, öňümizdäki aýda, 25-27-nji oktýabrda geçiriljek XXVIII «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» halkara konferensiýa we sergä işjeň taýýarlyklar alnyp barylýar. Çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmen Forum» Hojalyk Jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, GaffneyCline iňlis kompaniýasynyň goldawy bilen «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş edýärler.

Konferensiýanyň we serginiň işine, tejribe alyşmak we Türkmenistanyň nebit we gaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebitleýin we dünýä meýillerini ara alyp maslahatlaşmak üçin öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalarynyň köp sanly ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň we dünýä maliýe institutlarynyň başlyklarynyň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Her ýyl geçirilýän çäräniň göwher hyzmatdaşy – nebit we gaz ýataklaryny gözlemekde, işläp taýýarlamakda we gazyp almakda meşhur Dragon Oil kompaniýasy bolar. Emirlikleriň işewürleriniň wekili, Türkmenistanda guralýan mediýa nebit-gaz çäreleriniň hemişelik gatnaşyjysy we hemaýatkäridir. Durnukly işewürligi döretmek we üpjün etmekde öz belligi hökmünde Dragon Oil daşky pudagy goramak pudagynda ýokary görkezijileri ulanýar.

dragon 2.jpg

Türkmenistanyň «açyk gapylar» syýasaty, paýy ýylsaýyn artýan daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin has oňyn şertleri döretmäge mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň ägirt uly gorlary daşary ýurtly hyzmatdaşlarda gyzyklanma döretdi.

Türkmenistan bilen Dragon Oil kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, özara bähbitli uzak möhletli hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. Emirlikleriň kompaniýasy Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri önümi paýlaşmak halynda Ylalaşyk esasynda iş alyp barýar. Türkmenistandaky onuň esasy işi, Jeýtun we Jygalbeg nebit ýataklarynyň işlenmegi bilen Hazar deňziniň «Çeleken» şertnamaly çäginde uglewodorodlary gazyp almakdyr. Kompaniýa taslama 8 milýard ABŞ dollarlyk maýa goýdy.

Dragon Oil, onlarça täze guýy burawlanan birnäçe işledilýän deňiz stasionar platformalaryň gurluşygyny ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň çäginde işleýän döwründe kompaniýa işledilýän we esasy deňiz stasionar platformalary gurdy, bar bolan guýularyň doly abatlaýyşyny geçirdi, nebit ýataklaryny işläp taýýarlama ulgamynyň ähli bölümlerini dikeltdi we täzeden enjamlaşdyrdy.

Dragon Oil, uglewodorodlaryň ekologiki taýdan howpsuz gazylyp alynmagyna üns berýän Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy statusyny ýylsaýyn tassyklaýar. Işleriň ýerine ýetirilşiniň ýokary görkezijileri we üstünlükli hyzmatdaşlyk, «Türkmennebit» döwlet konserni we Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň mşhletini 2032-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak boýunça şertnama gol çekmäge esas döretdi. Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.-nyň esasy meselesi, «Çeleken» şertnamaly çägindäki gorlarda nebit gazyp almagy artdyrmak.

dragon 3.jpg

Şertnamaly çäkde uglewodorod gazyp almak bilen bagly esasy işinden başfa Dragon Oil, bir ýyldan köp wagt bäri ýerli işgärleri okatmagyň we hünärini ýokarlandyrmagyň maksatnamasyna maýa goýýar. Geçirilýän korporatiw sosial jogapkärçilik maksatnamanyň çäginde, kompaniýa bilimi, medeniýeti we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuşa gönükdirilen 400-den gowrak taslamalary ýerine ýetirdi. Häzirki wagtda kompaniýanyň işgärleriniň sany 2000-den gowrak bolup, olaryň aglaba bölegi Türkmenistanyň raýatydyr.

Kompaniýa, agyr atletika boýunça 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň hemaýatkärlerinden biri bolup çykyş etdi, inžener-nebitçileriň halkara birleşiginiň Türkmenistanda bölüminiň açylmagyna ýardam etdi, Nury Halmamedowyň ýubileýi mynasybetli kompozitoryň eserleriniň ses ýazgysyny maliýeleşdirdi.

Dragon Oil esasy çemeleşmäni haýyr-sahawat taslamalarynda ulanýar. Alyjylaryň arasynda – Ýeňme jemgyýetçilik guramasy, Türkmenistanyň maýyplar jemgyýeti, Milli paraolimpik komiteti, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin dikeldiş merkezi, ýörite olimpiadanyň milli merkezi we beýleki guramalar bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026