HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şuşa şäherinde türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň sergisinde türkmen suratkeşleriniň işleri sergilener

Sentýabr 09, 2023 | 15:17 |8356
Türkmenistanly iki suratkeşiň işleri, Şuşa şäherindäki türki dünýäsiniň
nakgaşlarynyň eserleriniň sergisine çykarylar. Sergi 10-21-nji sentýabr
aralygynda Azerbaýjanda halkara türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň
döredijilik duşuşygynyň çeginde geçiriler. Forumyň guramaçysy
hökmünde TÜRKSOÝ çykyş edýär diýip, azerbaýjanyň metbugaty
habar berýär.Türkmenistanly iki suratkeşiň işleri, Şuşa şäherindäki türki dünýäsiniň
nakgaşlarynyň eserleriniň sergisine çykarylar. Sergi 10-21-nji sentýabr
aralygynda Azerbaýjanda halkara türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň
döredijilik duşuşygynyň çeginde geçiriler. Forumyň guramaçysy
hökmünde TÜRKSOÝ çykyş edýär diýip, azerbaýjanyň metbugaty
habar berýär.
Çeşme: cnho.ru

Türkmenistanly iki suratkeşiň işleri, Şuşa şäherindäki türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň eserleriniň sergisine çykarylar. Sergi 10-21-nji sentýabr aralygynda Azerbaýjanda halkara türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň döredijilik duşuşygynyň çeginde geçiriler. Forumyň guramaçysy hökmünde TÜRKSOÝ çykyş edýär diýip, azerbaýjanyň metbugaty habar berýär.

Türkmenistandan iki nakgaş: Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, döwlet döredijilik akademiýasynyň mugallymy Azat Annaýew we Mary şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy we Marynyň suratkeşlik mekdebiniň ýaş wekili Allaberdi Öwezdurdyýew çykyş ederler. Şeýle hem, medeni çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň suratkeşleri gatnaşýar. Olar sergide iň gowy işlerini sergilär we ýaş suratkeşler üçin ussatlyk sapaklaryny hem-de kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirerler.

Taslama gatnaşyjylar sergi üçin işlerini Şuşanyň owadan ýerinde çekerler. Olaryň suratlary «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty-2023» diýlip yglan edilen Azerbaýjan şäheriniň taryhy, medeni, tebigy we gözel ýerleri barada «gürrüň bererler».

Suratkeşler Şuşadaky sergä öz işlerinden hem birnäçesini getirdiler. Mysal üçin, Azat Annaýewiň akwarel işleri Hazaryň, Garagum çölüniň tebigatyna we Köpetdagyň etekleriniň landşaftyna bagyşlanýar. Ýöne Allaberdi Öwezdurdyýewiň reňkli we açyk suratlary bolsa, oba durmuşyny we adaty adamlaryň ýaşaýşyny şekillendirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026