HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BMG-niň Ilat gaznasy ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler

Sentýabr 09, 2023 | 10:06 |5024
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde birnäçe ugurda netijeli özara hereketler barada bellediler.Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde birnäçe ugurda netijeli özara hereketler barada bellediler.
Çeşme: mfa.gov.tm

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan milli maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde birnäçe ugurda netijeli özara hereketler barada bellediler. Gender deňligi, reproduktiw saglygy we maşgalany meýilleşdirmek babatynda üstünlikli hyzmatdaşlyk nygtaldy.

Geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy, şol sanda, ýaşlar syýasaty ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026