HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy önümçiligi artdyrýar

Sentýabr 09, 2023 | 01:16 |8217
Hasabatdan mälim bolşy ýaly, ýanwar - awgust aýlarynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim ýerine ýetirildi.Hasabatdan mälim bolşy ýaly, ýanwar - awgust aýlarynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim ýerine ýetirildi.
Çeşme: orient.tm

Wise-premýer Batyr Amanow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde ýangyç-energetika toplumynda şu ýylyň 8 aýynda gazanylan görkezijiler barada hasabat berdi.

Hasabatdan mälim bolşy ýaly, ýanwar - awgust aýlarynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 111,7 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem polipropilen çykarmak boýunça gazanylan görkezijiler barada aýdyldy.

Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114,4 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça özleşdirilen serişdeleriň meýilnamasy 111,5 göterim berjaý edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek meselesine aýratyn ünsi çekdi hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026