HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk oýnunda Indoneziýa toparyndan utuldy

Sentýabr 08, 2023 | 21:37 |7273
Türkmenistanyň futbol topary anna güni Indoneziýa topary bilen oýnady. Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde geçirilen duşuşyk indonez toparynyň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy.Türkmenistanyň futbol topary anna güni Indoneziýa topary bilen oýnady. Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde geçirilen duşuşyk indonez toparynyň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy.
Çeşme: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy

Türkmenistanyň futbol topary anna güni Indoneziýa topary bilen oýnady. Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde geçirilen duşuşyk indonez toparynyň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň 19-njy minudynda Dendi Sulisýawan hasaby açdy. Soňra türkmen topary özüni dikeltmäge synanyşdy, ýöne Mergen Orazowyň toparynyň eden tagallalary islenilýän netijäni bermedi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň topary ikinji pökgini hem sypdyrdy. Ony garşydaş topardan Maulana derwezä saldy.

Ondan öň, tälimçi Mergen Orazow, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugyna beren beýanatynda Olimpiýa toparyna iberilen oýunçylaryň ýoklugy we käbir esasy oýunçylaryň şikesleri sebäpli topara köp sanly täze oýunçynyň çagyrylandygyny aýtdy.

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýene bir ýoldaşlyk oýnuny geçirerler. Bahreýn toparyna garşy bu oýun Dubaýda bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026