HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Portugaliýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

Sentýabr 08, 2023 | 21:46 |11780
Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi M.Çaryýew Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Fransisko Ribeýru Telles bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi M.Çaryýew Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Fransisko Ribeýru Telles bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi M.Çaryýew Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Fransisko Ribeýru Telles bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gepleşigiň başynda Baş sekretar ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we portugal tarapynyň ilçiniň diplomatik işinde ýardam we goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Portugaliýanyň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny, şeýle hem halkara guramalarynyň çäginde işjeň hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Söwda we ykdysady ugur hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri hökmünde bellendi.

64fb16959b16c620299406.jpg

Ilçi, öz gezeginde, söhbetdeşine Türkmenistanyň içerki we daşary syýasaty, ýurtdaky amatly maýa goýum ýagdaýy barada habar berdi we portugal kompaniýalaryny maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Syýasy gepleşikleri güýçlendirmek üçin taraplar ýakyn wagtda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmäge ylalaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Portugaliýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumyny guramak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet protokol gullugynyň başlygynyň orunbasary Hose Karlos Reis Arsenio bilen duşuşdy. Onda ilçi Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň işi we gurluşy bilen tanyşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026