HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Wýetnam söwda-ykdysady pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar

Sentýabr 08, 2023 | 16:32 |7967
Anna güni, Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideo konferensiýa görnüşinde
geňeşmeler geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
saýty habar berýär.Anna güni, Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideo konferensiýa görnüşinde
geňeşmeler geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
saýty habar berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Anna güni, Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideo konferensiýa görnüşinde geňeşmeler geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar, ilkinji nobatda BMG-de halkara we sebit guramalarynyň çäginde döwletleriň özara täsirine ýokary baha berdiler. Şeýle hem, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin yzygiderli syýasy geňeşmeleriň depginini saklamagy ylalaşdylar.

Döwletara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek nukdaýnazarynda bilim, ylym, sport we medeni alyş-çalyş ugurlarynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky geljegi uly ugurlaryň biri diýlip atlandyryldy. Türkmen- wýetnam hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we işleriň gerimini giňeltmek üçin taraplar degişli döwlet edaralary bilen iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda birnäçe çäräni geçirmegi ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026