HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäheri—geljegiň şäheri

Sentýabr 07, 2023 | 21:05 |15145
Täze Arkadag şäherinde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşygynyň 3G we 4G modellerinde işleýän binýatlaýyn beketleriň 20 toplumy ornaşdyrylyp, ulanmaga berildi, 20 müň edara we hususy müşderä niýetlenen GPON ulgamy we goşmaça giňeltmäge mümkinçiligi bolan 235 teleýaýlymy  bolan IP telewideniýe ulgamy gurnaldy. Daşarky optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy üç ugur boýunça çekildi. Onuň iki ugry Arkadag şäherini Aşgabat bilen bir ugry bolsa, Gökdepe etraby bilen baglanyşdyrýar.Täze Arkadag şäherinde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşygynyň 3G we 4G modellerinde işleýän binýatlaýyn beketleriň 20 toplumy ornaşdyrylyp, ulanmaga berildi, 20 müň edara we hususy müşderä niýetlenen GPON ulgamy we goşmaça giňeltmäge mümkinçiligi bolan 235 teleýaýlymy  bolan IP telewideniýe ulgamy gurnaldy. Daşarky optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy üç ugur boýunça çekildi. Onuň iki ugry Arkadag şäherini Aşgabat bilen bir ugry bolsa, Gökdepe etraby bilen baglanyşdyrýar.
Çeşme: rspectr.com

“Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri özünde öňdebaryjy sanly çözgütleri we kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamyndaky innowasiýalary özünde jemleýär. Olar “Türkmenaragatnaşyk” «Türkmenaragatnaşyk» hem-de Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komiteti tarapyndan bilelikde ornaşdyryldy.

“Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk operatory tarapynda 3G we 4G standartlary boýunça işleýän binýatlaýyn enjam ornaşdyryldy. Ol ýaşaýjylara şäheri islendik künjeginde öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň seýilgählerinde we seýilbaglarynda Wi-Fi zolaklary göz öňünde tutuldy.

Täze Arkadag şäherinde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşygynyň 3G we 4G modellerinde işleýän binýatlaýyn beketleriň 20 toplumy ornaşdyrylyp, ulanmaga berildi, 20 müň edara we hususy müşderä niýetlenen GPON ulgamy we goşmaça giňeltmäge mümkinçiligi bolan 235 teleýaýlymy bolan IP telewideniýe ulgamy gurnaldy. Daşarky optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy üç ugur boýunça çekildi. Onuň iki ugry Arkadag şäherini Aşgabat bilen bir ugry bolsa, Gökdepe etraby bilen baglanyşdyrýar.

GPON tehnologiýasy bir kabel boýunça birnäçe aragatnaşyk hyzmatyny almagy göz öňünde tutýar. Optiki süýümli aragatnaşygyň ýokary tizliginiň hasabyna birbada teleýaýlymlara tomaşa etmek, 1 gigabit tizlikli internet, şeýle hem telefon aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkindir. Başgaça aýdylanda, birikdirilen enjamlaryň sany ulgamyň tizligine hiç hili täsir etmeýär.

Şeýle hem “Türkmenaragatnaşyk” agentligi täze şäherde “LoRaWAN” sim geçirijisiz aragatnaşygynyň häzirki zaman protokolynyň esasynda işleýän enjamy ornaşdyrdy. Bu tehnologiýa energiýany az harçlaýan enjamlaryň arasynda ygtybarly aragatnaşygy üpjün etmek ukyby netijesinde soňky ýyllarda giňden ulanylmaga başlady.

“Akylly” öýlerde “LoRaWAN” dürli enjamlary, şol sanda yşyklandyryş we ýyladyş enjamlaryny dolandyrmak we olara gözegçilik etmek üçin hyzmat edýär. Bu tehnologiýa öý eýelerine enjamlaryny uzak aralykdan dolandyrmaga hem-de energiýany tygşytlamaga ýardam berýär.

Şäheriň köçelerinde gije-gündiziň dowamynda “akylly” wideogözegçilik amala aşyrylýar, ýörite programma üpjünçiligi arkaly ýollarda ulaglaryň hereketini düzgünleşdirýän “akylly ýol yşyklary” ornaşdyryldy. Awtoulag duralgalarynyň işi hem awtomatlaşdyrylandyr.

Arkadag şäheriniň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ählisi we aragatnaşyk düzümleri öz işlerini guramanyň merkezi edarasyna birleşdirilen elektron resminama dolanyşygy arkaly amala aşyrýarlar.

Şäheriň ýaşaýjylary üçin Içeri işler ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan 123 “Call center” hyzmaty ýola goýuldy.

Elektron hyzmatlaryň döwlet portalynda Arkadag şäheriniň “penjiresi” döredildi. Onuň kömegi bilen ýaşaýjylar sanly ulgam arkaly aragatnaşyk we jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini tölemäge, jemgyýetçilik ulagyna petekleri satyn almaga, lukmanyň kabul edişligine ýazylmaga, onlaýn satyn almalary amala aşyrmaga mümkinçilik alarlar. Mundan başga-da, “Elektron kitaphana”, “Elektron mekdep” hem-de “Zehin” platformalary hereket edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026