HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Täze Zelandiýanyň ilçisi işe başlady

Sentýabr 07, 2023 | 01:01 |11084
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sary Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi.Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sary Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sary Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hanym Sara Meri Uolş hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Täze Zelandiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Diplomat Mejlisiň düzümi we dürli ulgamlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça onuň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine öz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026