HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlyga degişli resminamalara gol çekdiler

Sentýabr 06, 2023 | 21:54 |17484
5-nji sentýabrda Parižde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen resmi duşuşygy boldy.5-nji sentýabrda Parižde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen resmi duşuşygy boldy.
Çeşme: mfa.gov.tm

5-nji sentýabrda Parižde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen resmi duşuşygy boldy.

“Duşuşykda ikitaraplaýyn syýasy we diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan döwlet derejesinde saparlary guramagyň mümkinçilikleri hem göz öňünde tutuldy. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara we sebit iň derwaýys syýasy meseleleri barada pikir alyşdylar "-diýip, TDIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Berlen habarlarda aýdylyşy ýaly, duşuşykdan soň R.Meredow bilen K.Kolonna birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.

2 (23).jpg

Olara şular girýär: Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasy.

Munuň bilen birlikde, türkmen wekiliýetiniň Fransiýa eden sapary wagtynda Arkadag we Maisons-Laffite (Parižiň golaýyndaky şäher) şäherleriniň arasynda doganlaşyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada dostlukly ylalaşyk Jarnamasyna hem gol çekildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň Union de Banques Arabes et Françaises (Arap we Fransuz banklary bileleşigi - UBAF) bilen hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz tarapynyň çakylygy boýunça Pariže resmi sapar gurady diýip, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy belleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026