HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

7 sany zehinli çaga "Garaşsyzlygyň merjen däneleri" bäsleşiginiň ýeňijileri boldular

Sentýabr 06, 2023 | 20:35 |9776
Çykyş edenleriň içinden iň zehinlisini saýlamak eminlere aňsat düşmedi. Gelnen netijelere laýyklykda, 7 sany zehinli çaga bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we olara diplomlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan noutbuk-kompýuterleri gowşuryldy.Çykyş edenleriň içinden iň zehinlisini saýlamak eminlere aňsat düşmedi. Gelnen netijelere laýyklykda, 7 sany zehinli çaga bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we olara diplomlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan noutbuk-kompýuterleri gowşuryldy.
Çeşme: TDH

Çarşenbe güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda ýerleşýän "Türkmeniň ak öýi" binasynda "Garaşsyzlygyň merjen däneleri" çagalar döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynda saýlanan iň zehinli çagalar özleriniň ajaýyp çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Çykyş edenleriň içinden iň zehinlisini saýlamak eminlere aňsat düşmedi. Gelnen netijelere laýyklykda, 7 sany zehinli çaga bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we olara diplomlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan noutbuk-kompýuterleri gowşuryldy.

"Garaşsyzlygyň merjen däneleri-2023" bäsleşiginiň ýeňijileri şulardyr:

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Maksat ogly Maksadow;

Arkadag şäherindäki 10-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Aýkäbe Şöhratmyradowna Allalyýewa;

Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Jumamuhammet Serdarowiç Serdarow;

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Kerem Hangeldiýewiç Hangeldiýew;

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulbahar Pirgulyýewna Hojaberdiýewa;

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Umytjan Begendikowiç Begendikow;

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Selim Döwranowiç Berdiýew.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026