HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýedäki festiwalda Türkmenistanyň güni bellendi

Sentýabr 06, 2023 | 20:32 |7985
Festiwalyň 5-nji gününde - Türkmenistanyň gününde geçirilen medeni çäreler göni ýaýlymda "Etimesğut" teleýaýlymynda hem görkezildi.Festiwalyň 5-nji gününde - Türkmenistanyň gününde geçirilen medeni çäreler göni ýaýlymda "Etimesğut" teleýaýlymynda hem görkezildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy

Ankara şäherinde 1 - 10-njy sentýabr aralygynda şu ýyl 25-nji gezek geçirilýän Türki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň halkara Anatoliýa festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň güni bellendi. Türki döwletleriň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan festiwalyň 5-nji güni türkmen medeniýetine we sungatyna bagyşlandy. Bu barada ýurdumyzyň Türkiýedäki ilçihanasy habar berýär.

Festiwalyň çäklerinde bellenen Türkmenistanyň gününde halkymyzyň gadymy we häzirki zaman medeniýeti barada çäreler guraldy. Oňa türk paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň 20 müňden gowragy geldi. Bu ýerde guralan Türkmenistanyň sergi pawilýonynda dürli el işleri we senetçilik işleri görkezildi. Nepis türkmen halylary bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamamedowyň eserlerine hem giň orun berildi.

Bu ýerde guralan ak öýde türkmeniň milli tagamlary hödür edildi. Uly konsert sahnasynda estrada aýdymçysy Begenç Öräýew aýdym-sazly çykyşlary bilen bu ýere gelýänlere şatlyk paýlady. Festiwalyň 5-nji gününde - Türkmenistanyň gününde geçirilen medeni çäreler göni ýaýlymda "Etimesğut" teleýaýlymynda hem görkezildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026