HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Sinandali festiwalynyň guramaçylary we oňa gatnaşýan türkmenistanly sazandalar bilen duşuşdy

Sentýabr 06, 2023 | 18:08 |7844
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýtmämmedow 31-nji awgustdan 10-njy sentýabr aralygynda geçiriljek 5-nji Sinandali klassiki aýdym-saz festiwalynyň guramaçylary we oňa gatnaşyjy türkmen sazandalary bilen bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýtmämmedow 31-nji awgustdan 10-njy sentýabr aralygynda geçiriljek 5-nji Sinandali klassiki aýdym-saz festiwalynyň guramaçylary we oňa gatnaşyjy türkmen sazandalary bilen bilen duşuşdy.
Çeşme: Gruziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan berildi

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýtmämmedow 31-nji awgustdan 10-njy sentýabr aralygynda geçiriljek 5-nji Sinandali klassiki aýdym-saz festiwalynyň guramaçylary we oňa gatnaşyjy türkmen sazandalary bilen bilen duşuşdy.

1 (19).jpg

Festiwal dünýäniň dürli künjeklerinden Sinandali şäherine iň uly ýerine ýetirijileri, dirižorlary, kompozitorlary, şeýle hem klassiki aýdym-saz söýüjileri özüne çekýär. Oňa Azerbaýjan, Ermenistan, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Gruziýa, Ysraýyl, Gazagystan, Türkiýe, Ukraina we Türkmenistan ýaly ýurtlardan sazandalar gatnaşýarlar.

2 (21).jpg

Festiwalyň açylyşy Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň çäginde ýurda wekilçilik edýän türkmen sazandalarynyň çykyşy bilen başlandy. https://orient.tm/ru/post/59202/muzykalnye-laboratorii-festivalya-cinandali-2023-vzglyad-iznutri

3 (16).jpg

Duşuşykda ilçi guramaçylara, ýurtlary we halklary birleşdirýän zehinlileriň forumynyň geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Diplomat häzirkizaman türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bir böleginiň medeni we ynsanperwer ugurdygyny, bu ýerde iki ýurduň bilelikde işlemeginiň we döredijilik hyzmatdaşlygynyň ajaýyp däpleriniň bardygyny aýtdy.

4 (10).JPG

Şular ýaly çäreleri geçirmek biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edýär, şeýle hem ýaş sazandalara aýdym-saz dünýäsini öwrenmek we aýdym-saz bilimini ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikler döredýär, diýip ilçi belledi.

5 (6).JPG

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026