Türkmenistan we Ýaponiýa tehnologiýa ugurly hünärmenleri bilelikde taýýarlamaga gyzyklanma bildirýär


Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada iş saparynda bolan Gurbanguly Berdimuhamedowa bilim, ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda özara alyşmalar boýunça halkara okuw maksatnamasyna ýardam berendigi üçin «Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory» diýen alymlyk derejesiniň berlendigi bellärliklidir.
Iki ýurduň ylmy ösdürmäge uly goşant goşan bu görnükli iki alymynyň we professorynyň şu gezekki duşuşygynda ýokary bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Muňa Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mysal hökmünde görkezmek bolar. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk üçin hem uly mümkinçilikler açylýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary bilelikdäki ylmy-barlag işine işjeň gatnaşarlar.
Söhbetdeşler mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy barada aýtmak bilen, tejribe alyşmak, Türkmenistanda ýapon dilini, Ýaponiýada türkmen dilini okatmak üçin tejribeli mugallymlary taýýarlamak babatda mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurdumyzda ylma esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi hem-de iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändikleri bilen baglylykda, şeýle hyzmatdaşlyk möhüm bolup durýar.
Ýapon hyzmatdaşlary bilen bilelikde iri taslamalar durmuşa geçirildi we geçirilmegi dowam edýär. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurlan, polietilen we polipropilen öndürmek boýunça sebitde iň iri gazhimiýa toplumy — polimer zawody, şeýle hem Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod şol taslamalaryň hataryndadyr.
Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwlet hökmünde nebitgaz we gazhimiýa senagatynda baý tejribesi hem-de döwrebap tehnologiýalary bolan ýapon kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär. Wodorod önümçiligi, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, kibersport ýaly ulgamlar hem geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi.
ORIENT news








