ABŞ kongresmenleriniň wekiliýeti Aşgabada geldi


ABŞ-nyň Kongres wekilleriniň palatasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi. Myhmanlar saparyň çäginde duşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirdiler. Türkmen-amerikan özara gatnaşygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, uly üns parlamentler arasy dialoga berildi.

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa kongresmenler bilen söhbetdeşliginde, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadynyň özünde iň gowy dünýä tejribesiniň jemlendigi, soňky ýyllarda kabul edilen möhüm kanunlaryň we kadalaşdyryjy- hukuk namalarynyň ýurdumyzyň ýolbaşçylygynyň täzeçil reformalaryny öňe sürmäge gönükdirilendigini belledi diýip, milli habarlar gullugy habar berýär.

ABŞ-nyň Kongres wekilleriniň palatasynyň wekiliýetiniň agzalary, halkara gatnaşyklarda täze söz we global parahatçylyk we howpsuzlykgy berkitmekde perwentiw diplomatiýanyň täsirli guraly bolan Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýaýasyna goldawyny beýan etdiler.
Taraplar, ilki bilen halkara we sebit guramalarynyň meýdançalrynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we köp ugurly özara aragatnaşygyň ýagdaýyna baha berdiler we dürli pudaklary öz içine alýan hem-de täsirli mümkinçiliklere eýe däp bolan hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar, iki ýurdyň parlamentleriniň arasynda has işjeň gatnaşygy ýola goýmak hem-de kanunçylyk pudagynda tejribe alyşmak barada pikir alyşdylar. Munuň özi Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňelmegine ýardam eder.
ORIENT news








