Täze Zelandiýanyň ilçisi resmi taýdan işe başlamak üçin Aşgabat şäherine geldi


Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi (Ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Sara Meri Wolş resmi akkreditasiýa üçin Aşgabat şäherine geldi. Sişenbe güni diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi we ynanç hatlarynyň nusgalaryny daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa gowşurdy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň köpüsinde hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar, diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Täze Zelandiýanyň kanun çykaryjy edaralarynda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmegi, şeýle hem parlament wekiliýetleriniň saparlary barada pikir alşyldy. BMG şeýle-de halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň tejribesini dowam etdirmek barada ylalaşyldy.
ORIENT news








