HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow 2 ministrlige orunbasarlary we etraplara täze häkimleri belledi

Sentýabr 05, 2023 | 01:23 |8952
4-nji sentýabrda geçirilen iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hersine 2 orunbasary we etraplaryň birnäçesine hem täze häkimleri belledi.4-nji sentýabrda geçirilen iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hersine 2 orunbasary we etraplaryň birnäçesine hem täze häkimleri belledi.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

4-nji sentýabrda geçirilen iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hersine 2 orunbasary we etraplaryň birnäçesine hem täze häkimleri belledi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen Begmyrat Ataýew we Goçmyrat Ataýew oba hojalyk ministriniň orunbasarlary, Nury Jumaşow bilen Begenç Miminow bolsa, daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarlary boldular.

2(0129.jpg

Prezident Serdar Berdimuhamedow özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň orunbasarlygyndan D.Baýlyýewi boşadyp, bu wezipä E.Babalyýewi belledi.

Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna, Balkan welaýatynyň Esenguly we Etrek etraplaryna, Daşoguz welaýatynyň Akdepe we Köneürgenç etraplaryna täze häkimler bellendi. Şeýle hem, käbir etraplaryň häkimleriniň orunbasarlary hem täzelendi.

Iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy sentýabrda badalga aljak bugdaý ekişine we ondan soň başlajak pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi we beýleki meseleler boýunça hasabatlary diňledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026