Türkmen talyplary halkara internet-olimpiada gatnaşyp bilerler


Türkmenistanyň talyp ýaşlary “Dünýäniň saýlaw ulgamlary” atly internet-olimpiada ýene-de gatnaşyp bilerler. Ol GDA-nyň Parlamentara birleşiginiň agza döwletlerde demokratiýanyň, parlamentarizmiň we adam hukularynyň üpjün edilişiniň ösüşine gözegçilik edýän halkara instituty tarapyndan guralýar.
15-nji sentýabrdan 30-njy oktýabra çenli dowam edýän olimpiada GDA-nyň Parlemtara birleşigine agza döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşyp bilerler. Munuň üçin şu sowalnamanyň doldurylmagy möhümdir.
Bäsleşigiň maksady rus dilini melletara aragatnaşygyň serişdesi hökmünde wagyz etmekden, bu babatda zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmakdan we olaryň ylymlar dünýäsine has giňden aralaşmaklaryna ýardam bermekden ybartdyr. Geçen ýyl bu bäsleşige dünýäniň 14 döwletiniň 149 ýokary okuw mekdebinden 1465 talyp gatnaşdy. Şolaryň içinde türkmenistanly talyp ýaşar hem bardy.
ORIENT news








