Duşanbede ýeňil metro gurlar


Täjigistanyň Transport ministrligi we Günorta Koreýanyň Eksport-import banky Duşanbe şäherinde ýeňil metro ulgamynyň gurluşygy üçin deslapky tehniki-ykdysady esaslandyryşy maliýeleşdirmek üçin özara düşünişmek Memorandumyna gol çekdiler.
“Aziýa Plus” habarlar gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, bank deslapky gözleg işlerini we Günorta Koreýanyň Milli demir ýol kompaniýasy tarapyndan amala aşyryljak taslamanyň dizaýnyny maliýeleşdirer.
Transport edarasy Günorta Koreýanyň demir ýol kompaniýasynyň ýokary tizlikli ýeňil metro ulgamyny (ýeňil demir ýol tranziti) ulanyp, ýerüsti metro gurmagy teklip edendigini aýtdy.
Günorta Koreýa tarapy geljekki metrony dogry saklamak we ulanmak üçin ýerli hünärmenleri taýýarlamagy hem öz üstüne aldy.
Eýsem, ýeňil metro bu näme?
Ýeňil metro (ýeňil metropoliten) yzygiderli ýokary tizlikli demirýol bolup, şäher transportynyň görnüşlerinden biridir. Adatça, ýeňil metro çyzyklary üstünde ýa-da geçelgelerde ýerleşýär, käwagt kiçijik tunel bölümleri hem bolýar.
Otlylarda 2-4 wagon bolup, tunelleriň diametri 4-5 metr, tunellerde we ýeriň üstünde ep-esli eňňitler we kiçijik öwrüm radiusy bar, stansiýalardaky platformalar beýikdir, olaryň uzynlygy 50-90 metr, ini bolsa 5-8 metre deňdir.
Uly şäherlerde ýeňil metro liniýalary köplenç howa menzillerine ýa-da adaty metro stansiýalaryna eltiji bolup, kiçi şäherlerde bolsa şäher transport ulgamynyň esasyny düzüp bilerler.
ORIENT news








