HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystan: gysgajyk täzelikler

Sentýabr 05, 2023 | 01:17 |9403
Gyrgyzystan Sankt-Peterburgyň we Uzak Gündogaryň arasynda. Bilermenler Peterburg ykdysady forum – 2023-iň Merkezi Aziýa üçin uly mümkinçilikleri açandygyny belleýärler. Forumyň netijesinde täze taslamalar amala aşyryldy, gyrgyz kompaniýalaryna we Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine maýa goýumlar gönükdirildi, bu bolsa Gyrgyzystanyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrdy.Gyrgyzystan Sankt-Peterburgyň we Uzak Gündogaryň arasynda. Bilermenler Peterburg ykdysady forum – 2023-iň Merkezi Aziýa üçin uly mümkinçilikleri açandygyny belleýärler. Forumyň netijesinde täze taslamalar amala aşyryldy, gyrgyz kompaniýalaryna we Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine maýa goýumlar gönükdirildi, bu bolsa Gyrgyzystanyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrdy.
Çeşme: iacis.ru

Gyrgyzystan Sankt-Peterburgyň we Uzak Gündogaryň arasynda. Bilermenler Peterburg ykdysady forum – 2023-iň Merkezi Aziýa üçin uly mümkinçilikleri açandygyny belleýärler. Forumyň netijesinde täze taslamalar amala aşyryldy, gyrgyz kompaniýalaryna we Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine maýa goýumlar gönükdirildi, bu bolsa Gyrgyzystanyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrdy.

Synçylar 10 – 13-nji sentýabrda Wladiwostokda geçiriljek Gündogar ykdysady forumy – 2023-iň hem Gyrgyzystan üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny çaklaýarlar.

Uzak Gündogar sebiti Russiýa Federasiýasynyň esasy sebitleriniň biri bolmak bilen Merkezi Aziýa döwletleri üçin hem eksport we maýa goýum babatda gyzyklydyr. Gyrgyzystany hem-de Russiýanyň Uzak Gündogaryny Hytaýa ýakyn ýerleşmekleri baglanyşdyrýar. RF-iň bu sebiti diňe bir Hytaý bilen däl, eýsem, ykdysady taýdan ösen Ýaponiýa we Günorta Koreýa, Indoneziýa, Tailand, Malaýziýa we Singapur bilen serhetleşýär. Bu sebite Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň 18 ýurdy maýa goýumlaryny goýýarlar.

Gyrgyz bilermenleriniň bellemegine görä, häzirki wagtda esasy zat – bu forumyň döredýän täze mümkinçiliklerinden peýdalanmak, täze hyzmatdaşlyklary goýmak we düşewüntli taslamalara gatnaşmak zerurdyr.

Egin-eşigiň eksporty peseldi, ýöne mallar bilen bilen baglanyşykly söwda amallary artdyryldy. Gyrgyzystan ýyly egin-eşikleriň eksportyny 2,3 esse azaltdy. Eger geçen ýylyň degişli döwründe Gyrgyzystanda 3 million sany örülen egin-eşikler eksport edilen bolsa, bu ýyl onuň möçberi bary-ýogy 987,2 müň egin-eşige deň boldy. Baha babatda eksportyň möçberi 80% peseldi. Gyrgyzystan ýyly egin-eşikleri esasan hem Russiýa we Gazagystana eksport edýär.

Şol bir wagtyň özünde, şu ýylyň awgust aýynda Gyrgyzystan halkara giňişliginde maldarçylyk ulgamynda işjeňlik görkezdi. Hasabat döwründe 7 471 baş iri şahly mal, 10 423 baş dowar, şeýle hem 321 gylýal eksport edildi.

Gyrgyz somy Moskwa biržasynda. Awgust aýynda Moskwa biržasynda 6 million 23,7 müň rubllyk gyrgyz pul birligi satyn alyndy. Geçen aý rublyň soma gatnaşygy 100 som üçin 107,4 rubl bolan bolsa, iýul aýynda eýýäm 117 rubl boldy. Şunda iýul aýynda möçberler awgust aýyndakydan az boldy, ýagny 3 million 492,5 müň rubla deň boldy.

Awgust aýynda gyrgyz somunyň kursy düşende soma bolan isleg 72,5% artdy. 23-nji awgustda gazna bazaryna gatnaşyjylar 1,2 million rubllyk som satyn aldylar. Somuň iň ýokary kursy 16-njy awgustda boldy, ýagny 100 som üçin 121 rubl.

Uçarmansyz uçýan enjamlar bilen neşe söwdasyna garşy göreş. Gyrgyzystanda neşe serişdelerine garşy göreşde dronlary üstünlikli ulanýarlar. Karakolda Gyrgyz Respublikasynyň IIM-niň Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça gullugynyň işgärleri uçarmansyz uçýan enjamlar we innowasion tehnologiýalar boýunça bilermenleriň sebit maslahatyna gatnaşdylar. Şeýle hem bu ýerde innowasion enjamlaryň sergisi we ony Respublikanyň IIM-niň Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça gullugyna bermek dabarasy boldy.

Gullugyň ýolbaşçysy Ulanbek Sultanow neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde donlaryň ulanylmagynyň daglyk ýerlerde neşäniň ýabany ösýän ýerlerini anyklamaga we degişli çäreleri görmäge ýardam berýändigini aýtdy.

Sebit maslahatynyň çäklerinde özbek wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Onuň dowamynda täze psihoaktiw maddalaryň, şeýle hem güýçli täsirli maddalary düzüminde saklaýan derman serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak babatda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bütin dünýä bilen ýaşyl ekologiýa tarap. Tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik ministri Melis Turgunbaýew Ýaponiýanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Goda Hideki bilen duşuşdy. Şeýle hem ol Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Söwda syýasaty býurosynyň Russiýa, Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary Koike Şinýa bilen duşuşdy. Taraplar ekologiýa, howa babatda hyzmatdaşlygyň, şeýle hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli parlamentiň oba hojalygy syýasaty, suw serişdeleri, ekologiýa we sebit ösüşi boýunça komitetiniň deputatlary “Gyrgyz Respublikasynyň ýaşyl ekologiýa meseleleri boýunça käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek hakynda” Kanunyň taslamasynyň makulladylar.

Bu kanun daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaldýan ýa-da aradan aýyrýan gozgalýan we gozgalmaýan emläk ulanylanda ýeňillikleriň berilmegine gönükdirilendir.

Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Gyrgyzystan Hytaýdan elektromobilleriň importyny 7 esse artdyrdy. 7 aýyň dowamynda Gyrgyzystana 3027 elektromobil iberildi. 2022-nji ýylyň degişli döwründe bolsa bary-ýogy 441 elektromobil iberlipdi, 2021-nji ýylda bolsa ondan hem az, ýagny 57 elektromobil iberlipdi. Şeýlelikde, Gyrgyzystanda elektromobillere bolan isleg arassa ýaşyl energetika ymtylmak babatda dünýä meýillerine laýyk gelýär.

Bişkekde ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda surdo göreşi boýunça (çala eşidýän we ker türgenleriň arasynda) dünýä çempionaty geçýär. Ýaryşa 13 ýurtdan, şol sanda ABŞ-dan, Eýrandan, Yrakdan, Bolgariýadan, Türkiýeden, Mongoliýadan, Litwadan, Estoniýadan, Ukrainadan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden 250-den gowrak türgen gatnaşýar.

Söwda – ykdysadyýetiň hereketlendirijisi. Gyrgyzystan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde serhetüsti kagyzsyz söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Çarçuwaly ylalaşyga (ESKATO) goşulyşmak isleýär. Gyrgyz Respublikasynyň milli parlamentiniň býudjet, ykdysadyýet we fiskal syýasaty boýunça komiteti tarapyndan degişli kanunyň taslamasy kabul edildi. Esasnamada bu kanunyň taslamasynyň sanly söwdany ýönekeýleşdirmek boýunça çäreleriň ornaşdyrylmagyny tizleşdirmek maksady bilen taýýarlanylandygy bellenilýär.

Häzirki wagtda ESKATO 14 döwlet gatnaşýar. Mundan başga-da, 25 ýurtda ESKATO girmek üçin degişli işler alnyp barylýar.

Syýahatçylygy ösdürmäge gyzyklanma. Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň birinji orunbasary Kaýrat Imanaliýew Eýrana saparynyň dowamynda Tähranda EYR-nyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministrliginiň marketing we syýahatçylygy ösdürmek müdirliginiň ýolbaşçysy Leýla Aždari bilen gepleşikleri geçirdi hem-de hyzmatdaşlygy, şol sanda syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Hanym Aždariniň bellemegine görä, Eýranyň syýahatçylyk ulgamynda uly mümkinçilikler bar we EYR Gyrgyzystan bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär.

Geljekki IT hünärmenleriň üstünligi. Şu gün Wengriýada Informatka boýunça XXXV halkara olimpiadasy tamamlandy. Bäsleşikde gyrgyz mekdep okuwçylary bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Olaryň maksady adamlary ýakynlaşdyrmak.

Ýakynda Gyrgyzystan Sankt-Peterburgda baş konsullygyny açdy. Konsul okrugy Sankt-Peterburgy, Karelia we Komi respublikalaryny, şeýle hem Arhangelsk, Wologda, Kaliningrad, Leningrad, Murmansk, Nowgorod, Pskow oblastlaryny öz içine alýar. Gyrgyzystanyň DIM-de Sankt-Peterburgda baş konsullygyň açylmagynyň rus tarapy bilen ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigini bellediler.

Täze okuw ýylynda Gyrgyzystanda Russiýa Federasiýasynyň Magaryf ministrliginiň “Российский учитель за рубежом”, “Сила ума” halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi dowam eder. Taslamalaryň çäklerinde 120 mugallym Gyrgyzystanyň 51 mekdebinde işlärler, şeýle hem fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwrenmek goşmaça sapaklary geçirerler.

Russiýa hem-de Gyrgyzystan orta hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýärler, munuň özi Gyrgyzystan üçin hünärmenleriň täze neslini taýýarlamaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, Respublikada 9 sany bilelikdäki gyrgyz-rus mekdepleri gurular.

Doganlyk Gyrgyzystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň materiallary esasynda –

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026