HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen kärhanasynda damjalaýyn suwaryş ulgamy üçin niýetlenen turba önümleri öndürilýär

Sentýabr 04, 2023 | 20:32 |10695
Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny ilkinji öndürijilerden biri “Türkmen senagat”  Hojalyk Jemgyýeti boldy. Ýaňy-ýakynda kärhana gök ekinleri ösdürip ýetişdirende çyglylygy üpjün etmek üçin ýylmanak we tekiz turbalary öndürip başlady.Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny ilkinji öndürijilerden biri “Türkmen senagat”  Hojalyk Jemgyýeti boldy. Ýaňy-ýakynda kärhana gök ekinleri ösdürip ýetişdirende çyglylygy üpjün etmek üçin ýylmanak we tekiz turbalary öndürip başlady.
Çeşme: СППТ

Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny ilkinji öndürijilerden biri “Türkmen senagat” Hojalyk Jemgyýeti boldy. Ýaňy-ýakynda kärhana gök ekinleri ösdürip ýetişdirende çyglylygy üpjün etmek üçin ýylmanak we tekiz turbalary öndürip başlady.

Önümçilik üçin iň soňky önümiň azyndan 10-15 ýyl işlemegini üpjün etjek iň täze nemes enjamlary we iň ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa materiallar ulanylýar. Mysal üçin, zawod minutda diametri 16 millimetr bolan 180 metre çenli dar plastmas turbalary öndürýär. Şeýle-de önüm müşderiniň isleglerini göz öňünde tutup öndürilýär, ýagny turbanyň diametri 16 mm-den 630 mm-e çenli üýtgeýär. Şeýle hem bu kärhana, daýhanlara diametri 1000 millimetrlik polietilen turbalary hem hödürleýär.

Ýakyn geljekde kompaniýa suw desgalarynyň we suwaryş ulgamlarynyň gurluşygynda ulanylýan geomembran materiallaryny öndürip başlamagy meýilleşdirýär.

Türkmen kompaniýasynyň önümlerine goňşy ýurtlaryň daýhanlarynyň arasynda-da isleg bildirilýär. “Türkmen senagat” öz harytlaryny Gruziýa, Özbegistana, Azerbaýjana, Türkiýä we beýleki ýurtlara eksport edýär diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026