Hytaýly alymlar Gün ulgamyny öwrenmek üçin ýol kartasyny hödürlediler


“South China Morning Post” gazetiniň berýän habaryna görä, Hytaýyň alymlary Aýda, asteroidlerde, Marsda we Gün ulgamynyň beýleki obýektlerinde suw buzlaryny we mineral baýlyklary gözlemek, çykarmak we ulanmak üçin ýol kartasyny çap etdiler.
Taslama "Týangun Kaýu" diýlip atlandyrylyp, "Asman tarapyndan aýan edilen tebigy zatlary açmak" diýen manyny berýär. Bu söz, Min döwrüniň alymy (1368 - 1644) Sun Insina tarapyndan döredilen eseriň adyndan alynandyr.
Ýol kartasy 2100-nji ýyla çenli döwri öz içine alýar we kosmos ykdysadyýeti babatynda iň uly başlangyçlardan biridir.
Hytaý Aerokosmiki ylmy-tehnologiki korporasiýasynyň öňdebaryjy alymy Wan Weýiň pikiriçe, bu taslamanyň üsti bilen milli howpsuzlygy berkitmek, ylym we tehnologiýany ösdürmek we Hytaýyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak maksat edinilýär. Şeýle hem, kosmos çeşmeleriniň täze pudaklary we bazarlary döretmek, we Ýerdäki energiýa, ekologiýa we azyk meselelerini çözmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.
Meýilnama Aýda suw buzlaryny, Ýeriň golaýyndaky asteroidleri, Marsy, Asteroid guşagynda ýerleşýän zatlary, Ýupiteriň emeli hemralaryny gurmagy öz içine alýar. Suw buzy gymmatly çeşmedir, sebäbi ondan suw, kislorod we wodorod alyp bolýar. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, Gün ulgamyndaky 1,3 million asteroidiň 122-si ykdysady taýdan ulanmaga amatlydyr.
ORIENT news








