HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet eýeçiligine degişli 48 desga hususylaşdyrylýar

Sentýabr 04, 2023 | 08:27 |6963
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligine degişli 48 desganyň hususy taraplara bäsleşik esasynda satylýandygyny mälim edýär. Bu boýunça degişli bildiriş resmi metbugatda şu gün çap edildi.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligine degişli 48 desganyň hususy taraplara bäsleşik esasynda satylýandygyny mälim edýär. Bu boýunça degişli bildiriş resmi metbugatda şu gün çap edildi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligine degişli 48 desganyň hususy taraplara bäsleşik esasynda satylýandygyny mälim edýär. Bu boýunça degişli bildiriş resmi metbugatda şu gün çap edildi.

Bäsleşikli söwda çykarylýan desglaryň hatarynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysadyýet ministrligine, Oba hojalyk ministrligine, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, “Türkmenawoulaglary” agentligine, Aşgabat şäher, Daşoguz, Lebap, Mary we Balkan welaýat häkimliklerine, “Türkmenbaşy” banka, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak boýunça döwlet agentligine, “Türkmenhaly” döwlet birleşigine, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli desgalar bar.

Bäsleşikli söwda 20-nji sentýabrda sagat 10:00-da sanly ulgam arkaly geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak isleýän taraplaryň arzalary bäsleşigiň geçirilýän wagtyna çenli 24 sagat galýança kabul edilýär. Desgalary satyn almak boýunça geňeşmeler Aşgabat şäherindäki Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilýär.

Telefon belgileri:

Aşgabat şäheri: (+993 12) 92-12-97/92-11-34, 39-46-09/63/69
Änew şäheri: (+993 137) 3-30-21/3-31-80
Balkanabat şäheri: (+993 222) 7-89-34/7-89-17/7-89-53

Daşoguz şäheri: (+993 322) 9-10-19/9-15-10
Türkmenabat şäheri: (+993 422) 6-11-52/6-11-59
Mary şäheri: (+993 522) 6-06-87/6-05-41

ORIENT news


Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026