HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Fransiýanyň Etret şäherinde täsin peýzaž sungaty emele getirildi

Sentýabr 04, 2023 | 15:29 |11778
Her gün internet ulgamynda wizual görnüşde syýahat edip, dünýäniň täsin ýerlerine, adam eli bilen döredilen gözelliklere syn etmek bolýar. “ORIENT” hem öz gezeginde, Fransiýanyň Etret şäheriniň zehinli adamlarynyň döreden gözelliklerini okyjylaryna görkezmegi makul bildi.Her gün internet ulgamynda wizual görnüşde syýahat edip, dünýäniň täsin ýerlerine, adam eli bilen döredilen gözelliklere syn etmek bolýar. “ORIENT” hem öz gezeginde, Fransiýanyň Etret şäheriniň zehinli adamlarynyň döreden gözelliklerini okyjylaryna görkezmegi makul bildi.
Çeşme: mydecor.ru

Her gün internet ulgamynda wizual görnüşde syýahat edip, dünýäniň täsin ýerlerine, adam eli bilen döredilen gözelliklere syn etmek bolýar. “ORIENT” hem öz gezeginde, Fransiýanyň Etret şäheriniň zehinli adamlarynyň döreden gözelliklerini okyjylaryna görkezmegi makul bildi.

Bu seýilgäh taslamasy diňe bir La-Manş bogzynyň fransuz kenaryndaky esasy syýahatçylyk ýerleriniň biri bolman, eýsem, abraýly “European Garden Award 2019” baýragynyň hem laureatydyr. Bu seýilgäh 2017-nji ýylyň maý aýynda açylyp, şondan bäri, bu ýere ýüz müňlerçe syýahatçy gelip gördi. Olar bu ýerde döredilen täsin tebigy gözellikleri synlamakdan we ýadygärlik surata düşmekden lezzet alýarlar.

Bu ýerde ajaýyplyklary her ädimde görmek bolýar we olar biri-birinden tapawutlanýar. Tebigat ösümlikleri – gyrkylan baglar, gaýalar we suwotular bu ýerde gaýtalanmajak sungat eserini döredipdir. Bu sungat bagynyň awtory russiýaly arhitektor Aleksandr Griwkodyr. “IL Nature” peýzaž kompaniýasynyň art-direktory birnäçe ýyl ozal Fransiýa göçüp gelipdir.

64f4d04c0d37e766290279.jpg

Onuň bellemegine görä, ol bu şäherdäki willa ozaldan göz gyzdyryp gelýän eken. Haçanda, ol willanyň satuwa çykarylandygyny eşidende, derrew gyzykanma bildiripdir. Birki sany bag diýmeseň, bu ýer satyn alnan wagtlary giden boşluk eken. Ýöne, onuň ýerleşýän ýeri örän owadan ýerde eken we ÝUNESKO tarapyndan goralýan ýerleriň sanawynda bolupdyr. Şonuň üçin-de, bu ýeriniň diňe daşky görnüşini däl, eýsem, her bir ekilýän bag üçin hem gurama bilen ylalaşmaly bolupdyr. Haçan-da, seýilgäh köpçülik üçin açylan-da, ol derrew köpçülikleýin çäreleriň we festiwallaryň geçirilýän ýerine öwrülipdir.

Willa öýi 1905-nji ýylda gurlup, ol “Roksolana” diýlip atlandyrylýan eken. Fransuz aktrisasy Madam Tibo-nyň hormatyn dakylan bu at bu öýüň ilkinji eýesi eken. Ol meşhur filmdäki janlandyrýan keşbine taýýarlanyp ýörkä, Süleýman soltanyň köşgüne meňzedip, üýtgeşik baglary we gülleri ekipdir.

64f4d052a8e3a342969062.jpg

Bagdaky açar – bu hakykatdan hem bagyň içinde ornaşdyrylan saz enjamydyr. Bu eser londonly “Grey World” suratkeşler topary tarapyndan ýerine ýetirilip, “Sagatly tokaý” ady dakylypdyr.

64f4d055d92bf565389708.jpg

Seýilgähiň bu bölegi “Duýgular we ummanyň düýbi” diýlip atlandyrylýar. Balykgulak görnüşde döredilen baýyr 18-nji asyrda Etret şäherindäki meşhur fermanyň hormatyna dakylypdyr.

64f4d05ce6f5d332870877.jpg

“Tolkun” diýlip atlandyrylýan bu bölüm umman suwlarynyň hereketini suratlandyrýar.

64f4d05fb645b308211566.jpg

Wiktor Şostanyň taýýarlan Kloda Moneniň ot-çöpden taýýarlanylan keşbi. Ondan aňyrda ajaýyp deňiz keşbi janlanýar.

64f4d06294a50753239912.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026